Ho­wa ýo­lag­çy­la­ry­nyň hu­kuk­la­ry­ny go­ra­ýan hal­ka­ra gu­ra­ma­sy “Air­Help” dün­ýä­niň ho­wa men­zil­le­ri­niň we awia­kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň sa­na­wy­ny mä­lim et­di.
Da­ni­ýa­nyň “Air­Help” kom­pa­ni­ýa­sy 194 ho­wa men­zi­li­niň inf­rast­ruk­tu­ra­sy­nyň sel­jer­me­si esa­syn­da ýyl­lyk sa­na­wy düz­di. “Air­Help”, esa­san, hyz­mat­la­ryň hi­li, uçuş­la­ryň gi­jik­me­gi­niň or­ta­ça muk­da­ry we müş­de­ri­ler­de ýü­ze çyk­ýan me­se­le­le­ri çöz­mek ýa­ly gör­ke­zi­ji­le­re ba­ha ber­di.
Oma­nyň Mas­kat hal­ka­ra ho­wa men­zi­li 8,54 bal bi­len dün­ýä­niň iň go­wy ho­wa men­zi­li diý­lip yg­lan edil­di. Sa­naw­da Bra­zi­li­ýa­nyň Re­si­fi şä­he­rin­dä­ki Žil­ber­to Freý­re hal­ka­ra ho­wa men­zi­li (8,49) ikin­ji or­ny, Keýp­tau­nyň hal­ka­ra ho­wa men­zi­li (8,48) üçün­ji or­ny eýe­le­di. Sa­naw­da 6,39 bal bi­len In­do­ne­zi­ýa­nyň Sy­am­su­din Nur hal­ka­ra ho­wa men­zi­li iň soň­ky or­ny eýe­le­di.
“Air­Help Score 2023” dün­ýä­niň tä­jir­çi­lik mak­sat­ly awia­si­ýa pu­da­gyn­da iş­le­ýän 83 awia­kom­pa­ni­ýa hem ba­ha ber­di.
“Qatar Air­wa­ys” 8,38 bal ne­ti­je bi­len iň go­wy kom­pa­ni­ýa diý­lip yg­lan edil­di, ikin­ji ýe­ri Ger­ma­ni­ýa­nyň “Eu­ro­wings” awia­kom­pa­ni­ýa­sy eýe­le­di (8,27). Il­kin­ji üç­lü­ge Pol­şa­nyň LOT (8,11) ho­wa ýol­la­ry bi­rik­di. Iň soň­ky orun­da 4,12 bal bi­len Tu­nis ho­wa ýol­la­ry gel­ýär.