Halkara awiasiýa gatnawy bileleşigi (IATA) geljek ýyl uçar ýolagçylarynyň sanynyň iň ýokary derejä ýetjekdigini mälim etdi. Bileleşigiň çaklamasyna görä, bu pudagyň girdejisi 7,6 artyp, 964 milliard dollara, arassa peýdasy 25,7 milliard dollara ýeter. Tamamlanyp barýan ýylda bolsa, bu pudagyň arassa peýdasy 23,3 milliard dollara ýetjekdigi bellenilýär.
Maglumatda halkara howa gatnawynyň häzirki wagtda pandemiýadan ozalky derejeden 40 göterim pes boljakdygy bellenilýär. Şeýle hem awiasiýa pudagyndaky çykdajylaryň 31 göterimini emele getirýändigi bellenildi.
Bileleşigiň ýolbaşçysy Willi Wolş geljek ýylda awiakompaniýalaryň her bir ýolagçydan 5,45 dollar peýda gazanjakdygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, awiasiýa pudagy dünýäde jemi içerki önümiň 3,5 göterimini emele getirip, 3,05 million adamy gönüden-göni iş bilen üpjün edýär.

Hojamberdi Aşyrberdiýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.