4-nji dekabrdan 9-njy dekabr aralygynda Botswana Respublikasynyň Kasane şäherinde ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça Hökümetara komitetiniň 18-nji mejlisi geçirildi. Bu ýyl komitetiň hünärmenleri 40-dan gowrak täze mirasy sanawa girizdi.
Gadymdan gelýän däp-dessurlary, bilimleri we tejribeleri sanawa girizmegiň esasy maksady, olaryň goralmagyny we geljek nesillere ýetirilmegini üpjün etmekden ybaratdyr. Indi bu sanawda 600-den gowrak miras bar.
ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna onlarça täze miras goşuldy. Olaryň arasynda Rotterdam tomus karnawaly (Niderlandlar), atlas we adras matalaryny dokamak däpleri (Täjigistan), gadymdan gelýän toparlaýyn “dabke” tansy (Palestina), polonez (Polşa), Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri (Türkmenistan) çägäň ýüzüne surat çekmek däpleri (Angola), Gýumride gadymdan gelýän demirçilik senedi (Ermenistan), bolero (Kuba, Meksika), golýazmalaryň sahypalarynda, kalligrafik ýazgylarda we miniatýuralarda ulanylýan “yşyklandyryş” bezeg sungaty (Azerbaýjan, Eýran, Täjigistan, Türkiýe, Özbegistan), Remezan aýynda musulmanlara agzaçar bermek däpleri (Azerbaýjan, Eýran, Türkiýe, Özbegistan), “balaban” saz guralyny ýasamak däbi (Azerbaýjan, Türkiýe), zenanlaryň başyna “eleçek” atynmak bilen baglanyşykly däp-dessurlary, (Gyrgyzystan) operada aýdym aýtmak däbi (Italiýa), gadymdan gelýän keramiki önümleri taýýarlamak däpleri(Özbegistan) bar.
Şeýle-de, Türkiýede zeýtun agajyny ösdürip ýetişdirmegiň hem-de onuň hasylyny ýygnamagyň öňden gelýän usullary, şeýle-de Siriýada çüýşe önümlerini ýasamagyň däpleri ýaly tejribeler gyssagly goraga mätäç miras hökmünde hasaba alyndy.
Häzirki wagtda Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmak üçin dalaşgärleri hödürlemek hukugyny 2003-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasy tarapyndan kabul edilen maddy däl medeni mirasy goramak baradaky konwensiýany tassyklan 182 ýurt peýdalanýar. Konwensiýa gatnaşýan 24 döwletiň wekillerinden ybarat bolan komitet ýylda bir gezek ýygnanýar. Agza ýurtlaryň maddy däl medeni miras sanawyna käbir tejribeleri goşmak baradaky haýyşlaryna seredýär.