Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ag­za ýurt­la­ry we Ýew­ro­pa Par­la­men­ti eme­li aňyň (AI) ula­nyl­ma­gy­ny ka­da­laş­dyr­ýan ka­nun ba­ra­da yla­la­şyk ga­zan­dy­lar. Bu ba­ra­da is­pa­ni­ýa­nyň Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gin­dä­ki Ge­ňe­şiň we­kil­ha­na­sy X jem­gy­ýet­çi­lik ul­ga­myn­da (öň­ki Twit­ter) ha­bar ber­di.
On­da eme­li aň ka­nu­ny ba­ra­da des­lap­ky yla­la­şy­gyň ga­za­ny­lan­dy­gy bel­le­nil­ýär. “Bu baş­lan­gyç Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gin­de sa­ty­lan we ula­nyl­ýan eme­li aň ul­gam­la­ry­nyň howp­suz bo­lup, jem­gy­ýe­tiň esa­sy hu­kuk­la­ry­na we gym­mat­lyk­la­ry­na hor­mat goý­ma­ga gö­nük­di­ril­me­li­dir” diý­lip be­ýa­nat­da bel­le­nil­ýär.
Içer­ki ba­zar bo­ýun­ça Ýew­ro­pa ko­mis­sa­ry Týer­ri Bre­to­nyň aý­dy­şy ýa­ly, “Ýew­ro­pa eme­li aň ulan­mak bo­ýun­ça anyk düz­gün­le­ri kes­git­län il­kin­ji yk­lym­dyr”. Sy­ýa­sat­çy­nyň X jem­gy­ýet­çi­lik ul­ga­myn­da ýa­zy­şy ýa­ly, “bu ýer­de gür­rüň Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň star­tap­la­ry we bar­lag ge­çi­ri­ji­le­ri üçin meý­dan­ça ba­ra­da bar­ýar.
“El Pa­is” ga­ze­ti­niň ha­ba­ry­na gö­rä, jem­gy­ýe­tiň ag­za döw­let­le­ri we Ýew­ro­pa Par­la­men­ti üç gün do­wam eden dart­gyn­ly gep­le­şik­ler­den soň yla­la­şyk ga­zan­dy. Ka­nu­nyň teks­ti güý­je gir­mez­den ozal ol Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne ag­za ýurt­lar we Ýew­ro­pa Par­la­men­ti ta­ra­pyn­dan tas­syk­lan­ma­ly­dyr. Kä­bir ugur­lar has ir güý­je gi­rip baş­la­sa-da, mu­nuň 2026-njy ýyl­da bo­lup bil­jek­di­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Beý­le­ki zat­lar bi­len bir­lik­de, ka­nun çat-bot ChatGPT we re­al wagt­da bio­met­rik kes­git­le­ýiş ul­gam­la­ry ýa­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň ula­ny­ly­şy­ny ka­da­laş­dyr­ma­ga kö­mek et­me­li­dir.
Eme­li aň ba­ra­da şert­na­ma bag­laş­mak 2024-nji ýy­lyň ýan­wa­ryn­dan Bel­gi­ýa ta­ra­pyn­dan ka­bul edil­jek Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň Ge­ňe­şin­de Is­pa­ni­ýa­nyň we­kil­ha­na­sy­nyň ile­ri tut­ýan ugur­la­ryn­dan bi­ri bol­dy.