BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň dolandyryş edarasy bolan Taraplaryň konferensiýasy indiki COP29 sammitiniň Azerbaýjanda geçirilmegini tassyklady. Taraplar bu karary bäşinji umumy mejlisiň barşynda tassykladylar.
9-njy dekabrda Azerbaýjanyň ekologiýa we tebigy baýlyklar ministri Muhtar Babaýew geljek ýyl BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjylaryň 29-njy konferensiýasyny geçirmek üçin Respublikanyň dalaşgärligi barada “umumy ylalaşyk” gazanylandygyny habar berdi.
Azerbaýjanyň arzalygynyň tassyklanmagy, COP28-e gatnaşýan Gündogar Ýewropa toparynyň agzalarynyň goldawyny talap etdi. Maslahatyň çäginde geçirilen sebit bileleşiginiň maslahatynda ýurtlar Azerbaýjanyň dalaşgärligini goldadylar.
Esasy Dünýä täzelikleri Taraplaryň konferensiýasy COP29-ny Azerbaýjanda geçirmek kararyny tassyklady