Her ýyl dünýäniň dürli sözlükleri ýa-da dil institutlary ýylyň iň köp ulanylan sözüni saýlaýar. Ýapon, hytaý we beýleki käbir dilleriň ýazuwynda harpyň deregine ioroglif (kanji) atly belgiler ulanylýar. Ýurtda 2023-nji ýylyň kanjisi hökmünde – “üýtgeşme” manysynda berýän “kaeru” sözi saýlandy. “Teikoku Databank” edarasy bu sözi saýlamak üçin müňe golaý kiçi we orta ululykdaky firmany öz içine alýan müňlerçe kanjini seljeripdir. Netijede, “üýtgeşme”, “öwrülişik” ýaly manyny berýän belgi saýlanypdyr. Dünýäde üýtgäp durýan howa ýagdaýynyň we beýleki ýagdaýlaryň bu sözi saýlamaga sebäp bolandygy bellenilýär.