Niderlandlaryň paýtagty Amsterdamda Yşyk sungaty festiwaly geçirilýär. 12 ýyldan bäri geçirilýän sergi bu ýyl «Sungat emeli aňy we tehnologiýany ýüze çykarýar» şygary astynda guralýar. Halkara çärede dünýäniň dürli ýerlerinden ýygnanan sungat ussatlary, dizaýnerler we binagärler tarapyndan taýýarlanan çykyşlar görkezildi. Şäheriň 6 kilometr uzynlygyndaky böleginde 24 ýagtylyk tomaşasy hödürlendi. Şäherdäki syýahatçylaryň has köp barýan,
ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen binalarynyň ýanynda guralan çykyşlara köp adam kanallarda, gämileriň üstünde tomaşa etdi. Festiwala her ýyl 750 müň töweregi myhman baryp görýär. Bu ýylky sergi geljek ýylyň 21-nji ýanwaryna çenli dowam eder.
Şamuhammet RAHYMOW,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby.
PDF









