Adamzat irki döwürlerden bäri gämilerde ýeliň güýjünden peýdalanýar. Emma soňky ýyllarda has döwrebap ýelkenli gämiler hem gurlup başlandy. Şeýle gämileriň biri bolan «Canopée»-niň dört sany ýelkeni bolup, olaryň uzynlygy 37 metre ýetýär. Bu gämi kosmosa uçurylýan raketalary daşamak üçin gurlupdyr. Agramy 3 müň 150 tonna barabar bolan äpet gämi howa şertleri amatly bolan wagty ýelkeniniň güýjünden peýdalanýar. Şeýle hem gämi iki sany dizel hereketlendiriji bilen üpjün edilipdir. Gämi Ýewropanyň iň uly raketasy bolan «Ariane 6» bilen noýabr aýynda başlan transatlantik syýahatyny tamamlady. «Ariane 6» geljek ýyl Fransuz Gwianasyndaky kosmodromdan uçurylar.
Kakadurdy GARAMANOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.
PDF









