Ýewropanyň uçar öndüriji kompaniýasy «Airbus» Hytaýyň geljek 20 ýylda dünýäniň iň uly raýat awiasiýa bazary boljakdygyny çaklaýar. Taýýarlanan maglumata görä, ýurduň täjirçilik awiaparky 2042-nji ýyla çenli 10 müň 930 uçara ýeter. Şonda awiasiýa hyzmatlar bazarynyň möçberi 54,1 milliard dollar bolar. Şeýlelikde, bu ýurduň awiasiýa pudagy göwrüm babatda Demirgazyk Amerikadan hem-de Ýewropadan öňe geçer.
«Airbus China»-nyň müşderi hyzmatlaryndan jogapkär başlygynyň orunbasary Hu Ýondun ýurtda awiasiýa senagatynyň işjeňlik we hil babatda kadaly ösýändigini belleýär. Hytaýda awiasiýa pudagynda işleýän uçarmanlaryň, tehniki işgärleriň we ýolbeletleriň sany häzirki wagtda 212 müň töweregi bolup, 2042-nji ýylda bu görkezijiniň 561 müňe ýetmegine garaşylýar.
Annamyrat ÇERKEZOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
PDF









