Taryhy eserlere baý bolan Rim şäherindäki Kolizeý arenasynyň golaýynda gadymy jaý tapyldy. Ýurduň Medeniýet ministrligi iki müň ýyl ozal gurlan binanyň Kolizeý arheologiýa seýilgähiniň çäginden tapylandygyny mälim etdi. Jaýyň miladydan ozal II asyr bilen miladynyň I asyrynyň aralygyna çenli azyndan üç tapgyrda gurlandygy anyklanypdyr. Jaý atrium (içerki howly), bagdan we nahar iýilýän otagdan ybarat. Jaýyň bir böleginde mozaikanyň hem üstünden baryldy. Bilermenler gadymy binanyň üstüniň açylmagynyň Rimiň taryhy üçin ähmiýetlidigini belleýärler.
Çynar GYLYÇDURDYÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.
PDF









