Maglumatlara görä, fiziki taýdan hereketsiz bolmak dürli keselleriň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Ýaşaýyş şertleriniň gowulanmagy netijesinde köp adam işde we öýde hereket etmäge zerurlyk duýmaýar. Şeýlelikde, adam boş wagtynda hem sport ýa-da maşk bilen meşgullanmasa, dürli nähoşluklara sezewar bolup bilýär. Munuň öňüni almak üçin ýöremek (ädim ätmek) maslahat berilýär. Lukmanlar günde 4 müňden köp ädim ätmegiň has peýdalydygyna ünsi çekýärler. Ondan az ädim ädilende hem adamyň ýürek-damar we gan aýlanyş ulgamyna peýdalydygy bellenilýär. O diýen kyn bolmadyk hem-de hemmeler üçin elýeterli bolan bu hereketiň saglyk üçin gowy netije berjekdigi aýdylýar. «European Journal of Preventive Cardiology» atly žurnalda çap edilen makalada dünýä ýurtlarynda bu ugurda geçirilen 17 sany ylmy işe syn berlipdir. Ylmy işde näçe köp ýörelse, şonça-da peýdalydygy, emma azyndan 3 müň 967 ädim ätmegiň sagdyn durmuş üçin zerurdygy aýdylýar.
Oguljennet AÝMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.