Öz­be­gis­tan 2030-njy ýy­la çen­li ýe­ňil aw­tou­lag önüm­çi­li­gi­ni 1 mil­li­on bir­li­ge ýe­tir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Bu ba­ra­da ýur­duň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­wiň gat­naş­ma­gyn­da ma­şyn­gur­lu­şyk we oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­nyň önüm­çi­li­gi­ni ös­dür­mä­ge de­giş­li tas­la­ma­la­ryň ta­nyş­dy­ry­lyş çä­re­sin­de ha­bar be­ril­di.
Öz­be­gis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň met­bu­gat gul­lu­gy­nyň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, gel­jek ýyl­da öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin edil­me­li iş­ler kes­git­len­di we “Uzaw­to­sa­no­at” eda­ra­sy­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­me­gi çalt­lan­dyr­ma­gyň mö­hüm­di­gi bel­le­nil­di.
Soň­ky ýyl­lar­da Öz­be­gis­tan­da aw­tou­lag önüm­çi­li­gi 3 es­se kö­pel­di. Şu ýy­lyň ahy­ryn­da bu gör­ke­zi­ji 415 müň bir­li­ge ýe­ter. Aw­tou­lag önüm­çi­li­gi­ne 3 sa­ny hu­su­sy aw­to­ön­dü­ri­ji we meş­hur hal­ka­ra kom­pa­ni­ýa­lar çe­kil­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da ýurt­da 8 za­wod­da aw­tou­lag­la­ryň, ýük we ýo­lag­çy aw­to­bus­la­ryň hem-de oba ho­ja­lyk we ýö­ri­te teh­ni­ka­la­ryň on­lar­ça gör­nü­şi ön­dü­ril­ýär.
Gel­jek ýyl­da 10 müň elekt­rik ula­gy ön­dü­rip bil­ýän aw­tou­lag za­wo­dy­nyň işe gi­ri­zil­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýär.