Portugaliýanyň parlamentiniň deputaty Pedro Nuno Santos Portugaliýanyň dolandyryjy Sosialistik partiýasynyň täze baş sekretary wezipesine saýlandy. 16-njy dekabrda geçirilen ses berişlikde, ol aram dalaşgär, içeri işler ministri wezipesini ýerine ýetiriji Žoze Luişa Karneýrudan öňe saýlanyp, partiýa agzalarynyň 62% sesine eýe boldy.
P. N. Santos, 2024-nji ýylyň 10-njy martynda geçiriljek möhletinden öňki parlament saýlawlarynda Sosialistik partiýa tarapyndan Premýer-ministrlige dalaşgär bolar. Häzirki wagtda sosialistler Portugaliýanyň mejlisinde köplük bolup durýar.
-Sosialistik partiýa Portugaliýadaky iň uly syýasy partiýa bolupdy we şeýle bolmagynda hem galar – diýip, P. N. Santos partiýa agzalarynyň öňünde eden çykyşynda aýtdy.
P. N. Santos hünäri boýunça ykdysatçy. Ol 2019-njy ýyldan 2022-nji ýyla çenli Portugaliýanyň infrastruktura we ýaşaýyş jaý gurluşygy ministri bolup işledi. Sosialistik partiýanyň täze ýolbaşçysyny saýlamak prosesi 7-nji noýabrda Antonio Kosta Premýer-ministr wezipesinden çekilenden soň başlandy.
Portugaliýanyň Prezidenti Marselu Rebelu de Souza Premýer-ministriň işinden çekilmegii kabul etdi kabul etdi we parlamenti ýatyryp, ýurduň ýokary kanun çykaryjy edarasyna möhletinden öň saýlawlary geçirmegi tabşyrdy. Dekabr aýynyň başynda ýurduň býujeti kabul edilenden soň, Antoniu Koşta wezipesinden çekilýändigi barada resmi mälim etdi. Ýöne Kosta mart aýynda geçiriljek saýlawlaryň netijeleri belli bolýança Premýer-ministr wezipesinde galar. 2015-nji ýylda häkimiýete gelen Antoniu Koşta birnäçe ykdysady özgerişlikleri amala aşyryp, ilatyň pensiýa we zähmet haklaryny artdyrypdy.
10 milliondan gowrak ilatly Portugaliýa Respublikasy, Pireneý ýarym adasynyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän kontinental Ýewropanyň iň günbatar döwletidir. Demirgazykda we gündogarda Ispaniýa bilen serhetleşýär, günortada we günbatarda Atlantik ummany bilen ýuwulýar. Portugaliýa dünýäniň ösen ýurtlarynyň biri bolup, 1910-njy ýyldan bäri unitar döwletdir. Ýurt 1986-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri Ýewropa Bileleşigiň agzasy bolup, Şengen we ýewro sebitinde ýerleşýär.