Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2024/2025-nji okuw ýyly üçin Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş işini geçirýär.
Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine umumy orta, orta hünär bilimli Türkmenistanyň raýatlarynyň resminamalary 2024-nji ýylyň 3 — 10-njy ýanwary aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde kabul edilýär.
Hünärleriň sanawy, Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça okuwa kabul etmegiň sany, şeýle hem okuwyň şertleri baradaky maglumatlary resminamalary kabul ediş toparyndan alyp bolar.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— Türkmenistanyň raýaty üçin bellenen nusgadaky arza we sowalnama;
— Wengriýanyň ýokary okuw mekdepleri üçin soralýan bellenen nusgadaky sowalnama;
— dogluş hakynda şahadatnama (göçürmesi we tassyklanan terjimesi);
— hemişelik ýaşaýan ýerini tassyklaýan kepilnama (göçürmesi we tassyklanan terjimesi);
— ýurduň ygtyýarly edaralary tarapyndan berlen okuw şahadatnamalary (göçürmesi we tassyklanan terjimesi);
— dalaşgäriň degişli bilim derejesi boýunça Wengriýanyň Hökümetinden ozal talyp hakyny almandygy baradaky beýany (dil haty);
— umumy orta bilim we orta hünär bilimi baradaky resminamanyň asyl nusgasy (göçürmesi we tassyklanan terjimesi);
— SAT (Scholastic Aptitude Test), TOEFL (Test of English as a Foreign Language) we IELTS (International English Language Testing System) akademiki bahalandyryş synaglarynyň birinden üstünlikli geçendigini tassyklaýan şahadatnamanyň asyl nusgasy (SAT şahadatnamasy bolan dalaşgärler artykmaçlykdan peýdalanýarlar);
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenen nusgadaky saglyk güwänamasy (Türkmenistanyň çäginden daşardaky ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmäge dalaş edýän raýatlaryň saglyk güwänamasy);
— soňky okan ýa-da işlän ýerinden (harby bölümden) häsiýetnama;
— 3×4 sm ölçegde 12 sany fotosurat.
Ýokary hünär bilimi edaralaryna kabul edilende artykmaçlyklardan peýdalanýan mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, kabul ediş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
— Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny hem-de Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny;
— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwä hatyny;
Resminamalary kabul ediş topary, zerur bolan halatynda, dalaşgärden goşmaça maglumatlary sorap biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň salgysy:
Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 31.
Tel.: (+993 12) 94-69-90, 94-54-29.