Hin­dis­tan 2028-nji ýy­la çen­li kö­mür ga­zy­lyp al­ny­şy­ny üç es­se art­dy­ryp, ýyl­da 100 mil­li­on ton­na ýe­tir­mek­çi. Hä­zir­ki wagt­da ýurt bu ýan­gy­jyň 95%-ini açyk kar­ýe­ra­lar­dan al­ýar – di­ýip, “Fi­nancial Ti­mes” ga­ze­ti Hin­dis­ta­nyň kö­mür se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň we­ki­li Am­ri­ta Lal Mi­nu­nyň söz­le­ri­ne sal­gy­la­nyp ha­bar ber­di.
-Se­na­gat taý­dan çalt dep­gin­ler bi­len ös­ýän ýur­duň ösü­şin­de kö­mür mö­hüm orun eýe­le­ýär – di­ýip, Am­ri­ta aýt­dy we hö­kü­me­tiň da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry­ny çek­mek we en­jam­la­ryň içer­ki önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­mak üçin hö­wes dö­ret­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny aýt­dy.
Hin­dis­tan­da kö­mür im­por­ty ýyl­da 90 mil­li­on ton­na ba­ra­bar, ýö­ne kö­mür ga­zy­lyp al­ny­şy­ny art­dy­ran­dan soň, kö­mür sa­tyn al­ma­gy bes eder we özi eks­por­ta baş­lar. Ýur­duň 2030-njy ýy­la çen­li içer­ki ýan­gyç ze­rur­lyk­la­ry ýyl­da 1,5 mil­liard ton­na ýe­ter. Hä­zir­ki wagt­da ýurt­da çak edil­ýän kö­mür äti­ýaç­lyk­la­ry 361 mil­liard ton­na ýet­ýär.
Kö­mür se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, 2022-2023-nji ma­li­ýe ýy­lyn­da (31-nji mart­da çen­li) Hin­dis­tan­da kö­mür ga­zy­lyp al­ny­şy öň­ki ýyl bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 14,77% ar­typ, re­kord muk­dar­da 900 mil­li­on ton­na deň bol­dy. 2023-2024-nji ýyl­lar­da bu gör­ke­zi­ji­niň 1 mil­liard ton­na­dan geç­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.