«Türkmenhowaýollary» agentliginiň amala aşyrýan halkara gatnaw ugurlarynyň sany artýar. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Aşgabat — Bangkok — Aşgabat ugry boýunça göni howa gatnawy ýola goýuldy.
Aşgabat — Bangkok ilkinji howa gatnawyny täze satyn alnan, häzirki zaman «Boeing 777-300» kysymly täze ýolagçy uçary amala aşyrýar. Şeýle kysymly uçarlar ýokary tygşytlylygy, amatlylygy bilen tapawutlanyp, 368 ýolagça niýetlenendir. Bu uçarlaryň uçuş uzaklygy 11 müň 390 kilometre ýetýär. Olaryň uçuş tizligi bolsa sagatda 905 kilometre deňdir. Bu uçarlaryň enjamlaşdyrylyşynda iň öňdebaryjy tehnologiýalar we işläp taýýarlamalar peýdalanylypdyr.
«Türkmenhowaýollary» agentliginiň amala aşyrýan halkara gatnawlarynda täze ugruň açylmagy ýolagçy gatnawlaryna artýan islegleri kanagatlandyrmaga ýardam eder.