Gyş paslynyň dowam etmegi bilen dem alyş ýollarynda ýiti respirator ýokançlarynyň döredýän keselleri köp duş gelýär. Çünki, gyş paslynda kähalatlarda bedeniň aşa sowamagy sebäpli, immunitet peselip ýiti respirator keseli bilen kesellemek ähtimallygy ýokarlanýar. Ýiti respirator ýokanjynyň birnäçe görnüşleri bolup, olar dem alyş ýollaryny zeperlendirýär.
Bedeniň gowşamagy, kelleagyry, bokurdagyň agyrmagy, üsgülewik, ysytma ýiti respirator ýokanjyny güman etmäge esas berýän ilkinji alamatlar bolup durýar. Ýiti respirator ýokanjy bilen kesellän näsag öýde bejeriş alanda, maşgala agzalary tarapyndan seredilende keseliň öňüni alyş düzgünleri doly we dogry berjaý edilmese sagdyn adama ýokuşmagy mümkindir.
Islendik ýokanç keselden, şol sanda ýiti respirator ýokanjyndan goranmak hem uly ähmiýete eýe bolup durýar. Munuň üçin dümew we beýleki ýiti respirator ýokançlaryň döremeginiň öňüni almaga kömek edýän düzgünleri berjaý etmek ýeterlikdir. Keselden goranmak üçin üsgürýän, asgyrýan adamlara ýakynlaşmakdan saklanmaly, ýiti respirator ýokanjyndan goraglylygy üpjün edýän agyz-burun örtükleri geýmeli.
Maslahaty alsaňyz…
Asgyraňda, üsgüreňde agzyňy we burnuňy elýaglyk bilen ýapmaly;
Bir gezek ulanylandan soň elýaglygy zibil ýygnanýan guta taşlamaly;
Her gezek daşardan geleniňde, naharlanmazdan öň elleriňi sabynlap ýuwmaly;
Elleşip, gujaklaşyp salamlaşmakdan saklanmaly;
Üsgürýän, asgyrýan adamlardan daşda durmaly. Eger, özüňde dümewiň alamatlarynyň ýüze çykandygyny duýýan bolsaň, onda töweregiňdäki adamlara ýakyn aralykda golaýlaşmaly däl;
Witaminlere, makro-mikroelementlere we bedene zerur gerek beýleki peýdaly maddalara baý bolan gök önümler, miweler bilen iýmitlenmeli;
Suw-sport çäreleri bilen bedeniňi taplamaly;
Kesel alamatlary peýda bolanda gaýra goýman maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Ýurdumyzyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynda we saglyk öýlerinde isleg bildirýän raýatlar üçin dümew we beýleki ýokanç kesellere garşy ýokary hilli waksinalar bilen öňüni alyş sanjymlary geçirilýär.
Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň referens barlaghanasynyň wirusologiýa bölüminde häzirki zaman döwrebap enjamlaryň kömegi bilen polimeraza zynjyr reaksiýa barlagy usuly arkaly ýiti respirator ýokanç keselleri anyklamak üçin barlaglar geçirilýär.
Ýakub Altaýew,
Onkologiýa ylmy kliniki merkeziniň ylmy kliniki umumy onkologiýa bölüminiň ylmy işgäri.