Ýaş bäbegiň sagdyn dünýä inmegi üçin ene-atasy öňünden taýýarlyk görmelidir. Elbetde, çaganyň sagdyn bolmagynda onuň maşgalasynda nesil yzarlaýan keselleriň barlygyna ýa-da ýoklugyna, ata-enesiniň ýaş we saglyk aýratynlyklaryna, iýmitlenişine uly orun berilýär. Geljekki enäniň iýmitinde saglyk üçin peýdaly witaminleriň ýeterlik derejede üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
Alymlaryň geçiren barlaglary, göwreli zenanyň beden synalarynda witaminleriň ýetmezçilik etmeginiň çaga düwünçegine örän ýaramaz täsir edýändigini, ösüşiniň peselýändigini, dogabitdi kemislikleriň ýüze çykmagyna, çaganyň wagtyndan öň ýa-da az agram bilen dünýä inmegine sebäp bolýandygyny subut etdiler. Göwreli ene wagtly-wagtynda lukman bilen maslahatlaşyp, özüne gerekli witamin, mineral toplumlaryny kabul edende welin, bu oňaýsyz ýagdaýlaryň aglabasynyň öňüni alyp bolýandyr.
Witamin toplumlaryny göwrelilik döwründe däl-de, ondan has öň kabul edip başlasaň, göwrelilik wagtynda bolsa bellenen tertipde dowam etdirseň, enäniň özüne-de, bäbegine-de has peýdalydyr. Göwrelilik döwründe aýal maşgalanyň beden synalarynyň witaminlere bolan zerurlygynyň 1,5 esse ýokarlanýandygy bellidir. Bu ýagdaý göwreli zenanyň endokrin ulgamynyň işjeňliginiň üzül-kesil ýokarlanýanlygy, madda alyş-çalyş hadysalarynyň işjeňleşýändigi bilen düşündirilýär. Ösüp gelýän çaga düwünçeginiň hasabyna zenan maşgalanyň synalaryna düşýän agram ýüki iki esse diýen ýaly köpelýär.
Şeýle ýagdaýda ýaş zenana we onuň bäbegine witaminleriň berýän peýdasy ýokarlanýar. Göwreli zenana foliý turşusy bilen magniý mikroelementi zerurdyr. Bu bolsa çaganyň wagtyndan ir dogulmagynyň öňüni alýar.
Lukmanlar geljekki enelere E witaminine aýratyn üns bermegi maslahat berýärler. Bu witamin zenan synalaryny göwrelilige taýýarlaýar, göwreli zenanda ýürek bulanmagy ýaly oňaýsyz ýagdaýlary aradan aýyrýar. Göwreli zenanlaryň A hem-de D witaminine bolan talaplary doly derejede kanagatlandyrylmalydyr. A witamini zenan maşgalanyň dişleriniň, saçynyň, derisiniň sagdyn saklanmagyna jogap berýär. D witamini synalarda fosfor we kalsiý mikroelementleriň siňmegine ýardam edýär.
Mikroelementler barada aýdylanda, göwreli zenan üçin has howply ýagdaý, demriň ýetmezçiligi bilen bagly ýüze çykyp bilýär. Göwreli zenanda demriň ýetmezçiligi, dogum we dogumdan soňky döwürde gaýra üzülmelere getirmegi ähtimal. Witaminleri we minerallary islendik dermanhanada tapyp bolýandygyna garamazdan, olary özbaşdak içmek bolmaýar. Lukmana ýüz tutsaňyz, ol size haýsy witamini we näçe möçberde içmelidigiňizi maslahat berer.
Ýaş eneleriň käbiri ene süýdünde çaga zerur bolan peýdaly maddalaryň ählisiniň saklanýandygyny aýdyp, öz çagasyna goşmaça witaminleri bermegi artykmaçlyk hasaplaýarlar. Ýöne bu aýdylanlar D witaminlerine degişli däldir: çaganyň beden synalarynda onuň agdyklyk etmegi iňňän seýrek duş gelýän ýagdaýdyr, ýetmezçiligi welin düýpli kynçylyklara alyp baryp bilýändir. Bu witamin synalarda bolup geçýän mineral alyş-çalşygy kadalaşdyrýar hem-de süňk dokumalarynda kalsiniň toplanmagyna jogap berýär.
Kalsiý — süňk dokumasynyň berkligini üpjün edýän esasy mikroelementdir. Onuň ýetmezçilik eden ýagdaýynda çaga sähel ýykylyp-sürşende beden süňkleriniň şikeslenmegine, körpeleriň boýunyň haýal ösmegine, gowşaklygyna sebäp bolýar.
Süýt hem süýt önümleri kalsiý mikroelementiniň esasy çeşmesidir. Çaganyň olardan ýüz öwürýänligi sebäpli lukmana ýüz tutulanda köplenç, ferment ýetmezçiligi anyklanylýar. Şeýle ýagdaýda körpejä süýt önümleriniň ornuny tutýan azyk önümleriniň agdyklyk edýän berhizini belleýärler, bäş ýaşdan uly çagalary bolsa düzüminde laktoza saklanýan derman serişdeler bilen bejerýärler. Kalsiý mineralyna bolan talap, aýratyn hem, çaganyň 3,5 we 7 ýaşynda, şeýle-de kämillik döwrüne gadam basanda ýokarlanýar.
Körpejäniň sagdyn ösmegi üçin С witaminine-de köp zat bagly bolýar, onuň ýetmezçiligi çaganyň tiz-tizden dümewlemegine alyp barýar. B witamininiň ýetmezçiligi çagada nerw näsazlyklaryny ýüze çykarýar, netijede körpejäniň kadaly ukusy bozulýar, ol sebäpsiz ýere gaharlanýar, aglaýar, öýkeleýär, mekdep ýaşyna ýetende okuw sapaklaryna ýetişigi deň-duşlarynyňkydan pes bolýar. Şol sebäpli hem witaminlere hem-de mikroelementlere baý bolan gök önümlerdir ir-iýmişleri iýmegi maslahat berýäris.
Güýç Öwezow, Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň ylmy-kliniki aýal keseller bölüminiň ylmy işgäri.