Birnäçe baýragyň eýesi, golaýda milliarderleriň sanawyny adyny ýazdyran, “Time” žurnaly tarapyndan “Ýylyň adamy” saýlanan Teýlor Swiftiň “1989 – Taylor’s Version” ady bilen gaýtadan ýaýradylan albomy ýene bir rekord goýdy. Bu albom “Rock’n Roll” aýdymçysy Elwis Presliniň rekordyny täzeledi. 27-nji oktýabrda ýaýradylan albom “Billboard 200” sanawynda 67 hepdeläp birinji ornuny saklap galdy. Şeýlelikde, albom Elwis Presliniň rekordynyň yzyndan ýetdi. Aýdym-saz karýerasynda köp baýrak almagy bilen adyny taryha ýazdyran Swift “Billboard” žurnaly tarapyndan “Ýylyň iň uly pop ýyldyzy” saýlanypdy. Aýdym-saz sanawlarynda birinji orundan düşmeýän Swift şu ýylky “Billboard” aýdym-saz baýraklarynda “Iň gowy aýdymçy” baýragy bilen bir hatarda jemi 10 ugurdan baýraga mynasyp görüldi. Şeýle hem “1989 – Taylor’s Version” şu ýylyň iň köp satylan albomy boldy. Şeýlelikde Swift öz rekordyny hem täzeledi. Sebäbi mundan ozalky iň köp satylan albom hem onuň “Midnights” albomydy.
“Grammy” baýragynyň hem eýesi bolan Swiftiň “Midnights” albomy şu ýylyň awgustynda “Spotify”-da aýlyk 100 million diňleýjä ýeten ilkinji zenan aýdymçy bolupdy.