Fatih Terim meşhur grek toparynyň tälimçisi boldy

81

Gresiýanyň öňdebaryjy klublaryndan “Panatinaikos” topary türkiýeli meşhur tälimçi Fatih Terimi toparyň tälimçiligine belledi. Pireý şäheriniň kluby 70 ýaşyndaky tejribeli hünärmen bilen 1,5 ýyllyk şertnama baglaşar. 4 dürli döwürde “Galatasaraýa” jemi 13 ýyl tälim beren Terim 3-nji gezek başga bir ýurduň toparynyň tälimçisi bolar. Terim 2000-nji ýyllaryň başlarynda Italiýanyň “Fiorentina” hem-de “Milan” klublaryna tälim beripdi.

Geçen möwsüm pleý-off tapgyrynda çempionlygy AEK toparyna aldyran “Panatinaikos” häzirki wagtda 15 oýunda 34 utuk toplap, 55 utukly sanawyň lideri PAOK-dan soň 2-nji ýerde barýar. Terimiň grek klubunda ilkinji synagy ýanwar aýynyň başlarynda “PAS Ýanina” toparyna garşy bolar. Şeýle-de, ýanwar aýynda “Panatinaikos” topary täze tälimçisiniň ýolbaşçylygynda kubok ýaryşynda köne bäsdeşi “Olimpiakos” topary bilen duşuşar.

Ýeri gelende bellesek, “Panatinaikos” klubunyň basketbol toparyna-da türkiýäli meşhur tälimçi Engin Ataman tälim berýär. Ol hem belli bir döwürde “Galatasaraýyň” basketbol toparyna-da tälim beripdi.