Hytaýyň “AirChina” awiakompaniýasy Hytaý täjirçilik uçar kompaniýasynyň (COMAC) öndüren 17 uçryny satyn aljakdygyny mälim etdi. Awiakompaniýa Şanhaýyň biržasyna orta aralyga uçýan “C919” ýolagçy uçaryndan altysyny we gysga aralyga uçýan “ARJ21” uçaryndan 11 sanysyny sargyt edendigini mälim etdi. “AirChina” C919-laryň her birini 108 million dollar, “ARJ21”-leri 38 million dollar bahadan satyn almak üçin ylalaşandygyny habar berdi. şertnamanyň bahasynyň arzanladylyp bilinjekdigi mälim edildi. Täze uçarlaryň 2024-nji hem-de 2025-nji ýyllarda taýýar edilmegine garaşylýar.
Mundan ozal, 2021-nji ýylda “China Eastern” awiakompaniýasy her biri 99 million dollardan 5 sany C919 satyn almak üçin şertnama baglaşypdy.
Ilkinji C919 uçary geçen ýylyň 9-njy dekabrynda tabşyrylypdy. Uçar ilkinji gatnawyny şu ýylyň 28-nji maýynda Şanhaý-Pekin aralygynda amala aşyrypdy. Bu kompaniýa golaýda 2024- 2031-nji ýyllar aralygynda 100 sany C919 almak üçin ýene bir ylalaşyk gazanylandygyny mälim edipdi. Şaýlarynyň uly bölegi Hytaýda öndürilýän, motory we käbir ýerleri daşary ýurtda import edilýän C919 uçary “Boeing 737” we “Airbus 320” modelleriniň deňeçeri hasaplanýar.
Güljemal Seýitmyradowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.