Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasy geljek ýyl pudakda rekorda garaşylýandygyny mälim etdi. Mundan ozal, 2019-njy ýylda pandemiýanyň öň ýanynda dünýäde halkara syýahatçylaryň sany 1,5 milliarda ýetip rekord goýupdy. Syýahatçylyk guramasynyň marketing maglumatlary we bäsdeşlik boýunça direktory Sandra Karwao 2023-nji ýylda bu görkezijiniň 88 göterim töweregi boljakdygyny belleýär. Onuň sözlerine görä, pandemiýadan ozal Ýewropadan soňra ikinji ýerde durýan Aziýada syýahatçylyk pudagynyň giç hem bolsa ösüp başlandygyny belleýär. Bu ösüşiň dowam eden ýagdaýynda Karwao halkara syýahatçylaryň sanynyň 2024-nji ýylda 1,5 milliarddan geçjekdigini belledi. Emma bu ýagdaý syýahatçylaryň has köp barýan ýerlerinde käbir kynçylyklary döredip biler. Eýýäm Ispaniýanyň Barselona, Horwatiýanyň Dubrownik, Italiýanyň Wenesiýa ýaly kenarýaka şäherlerde syýahatçylar üçin goşmaça salgytlar ýa-da çäklendirmeler girizilip başlandy. Şeýle şäherlerde, esasan, uly ýolagçy gämileri bilen bir wagtda aşa köp syýahatçy barýar.

Ogulmerjen Sapargeldiýewa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.