Elektroulag önümçiligine we olary satyna alýanlara berilýän goldaw hem-de bu ugurda tehnologiýanyň ösmegi elektroulaglara islegi ýokarlandyrýar. Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlarda 2023-nji ýylyň 11 aýynda ýeňil awtoulaglaryň 47,6 göterimini elektrik energiýasy ýa-da gibrid ulaglar emele getirdi.
Ýewropa awtoulag öndürijileri bileleşiginiň (ACEA) maglumatlaryna görä, geçen ýylyň degişli döwründe bu görkeziji 43 göterim bolupdyr. Noýabr aýynda bolsa, sebit ýurtlarynda 144 müň 378 elektroulag satylypdyr. Bu görkeziji ähli ulaglaryň 16,3 göterimini emele getirýär. Geçen ýylyň noýabrynda elektroulaglaryň paýy 15 göterim bolupdyr. Gibrid ulaglaryň paýy bolsa 27,4 göterim bolupdyr. Sebit ýurtlarynda satylan ulaglaryň 32,7 göterimini benzin ýangyjy bilen işleýän ulaglar emele getiripdir.
Oguljennet Muhammedowa, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby.