Her ýylyň Täze ýyl baýramynda “Ýeke özi öýde” filmi gaýtalanyp görülýär. Täze ýyl gijesi öýde ýeke özi galan Kewin atly kiçijik çagajygyň başyna gelýän wakalar barada gürrüň berilýän bu kino näçe görlen hem bolsa hiç kim bu filmi öwran-öwran görmekden ýadamaýar. Filmiň birinjisi 1990-njy, ikinjisi 1992-nji ýylda Kris Kolumbusyň režissýorlyk etmeginde düşürildi. Jemi alty seriýasy bar hem bolsa, olaryň, bu iki bölümi esasan hem ikinjisi has meşhurlyk gazandy. Biziň gürrüňini etjek bolýan zadymyz bolsa, şol filmdäki ýagdaýa meňzeşrak. Emma bu hakykatdan hem bolup geçdi.
ABŞ-da alty ýaşyndaky bir çaga ýalňyşlyk bilen başga bir uçara mündürilipdir. Kasper atly oglanjyk Täze ýyl baýramçylygyny enesiniň ýanyndan geçirmek üçin Filadelfiýa şäherinden Florida ştatyndaky Fort Maýers şäherine gitmeli eken. Emma “Spirit airlines” kompaniýasynyň işgärleri ýeke özi uçjak kiçi ýolagçysyny ýalňyşlyk bilen Frot Maýersden gara ýoly arkaly 4 sagatda baryp bolýan Orlando şäherine gidýän uçara mündürýär. Kasper Orlando baranynda onuň öňünden enesi çykmaýar. Kasper enesine jaň edýär. Kasperiň enesi Mariýa Ramos bolsa, agtygyna Fort Maýersiň aeroportynda garaşýar. Ramos ýalňyşlygy anyklandan soňra haýal etmän Orlando şäherine gidýär we agtygyny alyp gaýdýar. Iki şäheriň aralygy 260 kilometr töweregi. Awiakompaniýa bu ýalňyşlyk üçin körpe ýolagçysyndan we onuň maşgalasyndan ötünç sorap, Ramosyň çykdajylaryny tölemegi teklip etdi.
Awiasiýada beýle waka örän seýrek duş gelýär. 2009-njy ýylda “Continental” awiakompaniýasy iki sany gyz çagany başga uçara mündiripdi. 2019-njy ýylda bolsa Şwesiýa gitmeli oglanjyk “United Arlines” awiakompaniýasynyň uçary bilen Germaniýa barýan uçara mündürilýär.