Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýadda “Galatasaraý” bilen “Fenerbahçe” toparlarynyň arasynda geçirilmeli Türkiýäniň Super Kubogy duşuşygy resmi beýanata görä, guramaçylykdaky käbir kemçilikler sebäpli oýnalman, duşuşyk soň goýuldy.

Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da sanawyň lideri “Inter” myhmançylykda “Jenoa” bilen 1-1 hasabynda deňme-deň oýnap, ýeňişli 4 duşuşykdan soň utuk ýitirdi (Dreguşin 45+7 – Arnautowiç 42).

Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da soňky çempion “Napoli” öz meýdançasynda “Monza” bilen golsuz deňme-deň oýnady.

Ady Braziliýanyň milli ýygyndysy bilen agzalýan italiýaly tälimçi Karlo Ançelotti häzirki kluby “Real Madrid” bilen şertnamasynyň möhletini 2026-njy ýyla çenli uzaltdy.

Saud Arabystanynyň çempionatynda sanawyň lideri “Al Hilal” myhmançylykda “Al-Feýha” toparyny soňky 4 minutda Al-Bulaýhiniň (86) hem-de Mitrowiçiň (90 p) geçiren gollary bilen 2-0 ýeňip, ýeňlişsiz liderligini dowam etdirdi.