31-nji dekabr grigorian senenamasynyň soňky günüdir. Köp ýurtda diňe 1-nji ýanwar dynç güni hasaplanýanýan bolsa, käbir ýurtda 31-nji dekabr hem dynç güni edilýär. Şeýle-de bolsa, adamlar birek-biregi 31-nji dekabrda we ondan öň gutlaýarlar we esasy baýramçylyk dabaralary şol gün geçirilýär.
Geçen asyryň başlarynda dünýäniň ähli ýurdy diýen ýaly bu senenamany kabul edýär. Ondan öň gündogar ýurtlarynda hijri ýa-da şemsi senenamalar, günbatarda grigorian hem-de ýulian senenama, köp halklarda ýerli aý-gün hasaby ýöredilýärdi. Halkara gatnaşyklaryň we söwdanyň ösmegi bilen bir bitewi senenamanyň döredilmegine zerurlyk duýulýar. Mysal üçin, bir gäminiň, otlynyň bir porta haçan geljekdigi ýa-da barjakdygy ýerli wagt bilen görkezilende mesele ýüze çykýardy. Şol sebäpli köp ýurt grigorian senenamasyna geçdi.
2000-nji ýylyň 31-nji dekabry bolsa, XX asyryň soňky güni hem-de ikinji müňýyllygyň soňky güni hasaplanýar. Käbirleri bolsa 2000-nji ýylyň 1-nji ýanwaryny (1999-njy ýylyň 31-nji ýanwaryndan 2000-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna geçilýän gije sagat 00:00) XXI asyryň ilkinji güni hasaplaýar.