Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Naser Kenani öz ýurdunyň BRICS-e agzalygynyň 1-nji ýanwarda resmi taýdan başlandygyny aýtdy. Bu barada Kenani Tähranda geçirilen metbugat ýygnagynda mälim etdi. Kenani Eýranyň BRICS-e agzalygynyň güýje girendigi barada durup geçip, öz ýurdunyň ozal gol çekilen şertnamanyň çäginde BRICS-iň agzasy hökmünde kabul edilendigini belledi.
BRICS tarapyndan üpjün edilýän köptaraplaýyn platformanyň Eýran Yslam Respublikasyna beýleki ýurtlar bilen ykdysady hyzmatdaşlygy höweslendirmek we milli bähbitlere has gowy hyzmat etmek üçin goşmaça mümkinçilikleri döredýär – diýip, Nasser Kanani aýtdy.
N.Kanani öz çykyşynda ýurdunyň köptaraplaýynlyga çynlakaý ymtylýandygyny, ony ösdürmek üçin hemişe tagalla edýändigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, ýurduň BRICS-e doly hukukly agza bolmagy Yslam Respublikasynyň halkara abraýynyň barha ýokarlanýandygynyň nyşanydyr.
BRICS – gysgaldylan goşma söz bolup, bazar hyzmatdaşlygy boýunça täze döreýän bileleşikdir. Eýran geçen ýylyň awgust aýynda bu topara goşulmaga çagyrylyp, doly agzalygy 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girdi.
Täze agzalaryň goşulmagy bilen BRICS halkara arenasynda täze agrama we ähmiýete eýe boldy. Eýran diplomatiýasy özüniň birleşmek mümkinçiligini ulanyp, milli bähbitlerini mundan beýläk-de gorap, halkara gatnaşyklarynda özüniň konstruktiw we täsirli roluny artdyrar – diýip, N. Kanani belledi.
Häzirki wagtda BRICS Russiýany, Hytaýy, Braziliýany, Hindistany we Günorta Afrika Respublikasyny birleşdirýär. Şeýle-de, Indoneziýa, Türkiýe, Saud Arabystany, Müsür we Argentina ýaly ýurtlar bileleşige goşulmagy maksat edinýärler. Bilermenleriň çaklamagyna görä, geljekde BRIKS ýurtlarynyň jemi içerki önüminiň dünýä ykdysadyýetindäki umumy paýy G7 ýurtlarynyň jemi içerki önüminiň paýyndan ýokary bolar. Bu ýurtlar dünýäniň ilatynyň 40 göterimini öz içine alyp, Ýer togalagynyň dörtden bir bölegini eýeleýär. Gurama 2006-njy ýylda Peterburg ykdysady forumynyň çäklerinde Braziliýanyň, Russiýanyň, Hindistanyň we Hytaýyň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda esaslandyryldy.