Ýe­ne bir ýyl ta­mam­la­nyp, tä­ze ýyl baş­la­dy. Tä­ze ýyl tä­ze umyt­la­ryň, tä­ze baş­lan­gyç­la­ryň ýy­ly. Her adam öz dur­mu­şyn­da tä­ze ýyl­dan köp za­da ga­raş­ýar. Ki­mi toý et­jek, ki­mi­si oku­wa gir­mek­çi, kä­si tä­ze ja­ýy­na gö­çüp bar­jak. Ga­raz, köp adam tä­ze bir işiň ba­şy­ny baş­la­ma­gy mak­sat edin­ýär. Eý­sem, 2024-nji ýyl­da dün­ýä­de nä­hi­li tä­ze­lik­le­re ga­ra­şyl­ýar­ka?!
Bir gün uzyn ýyl
2024-nji ýyl­da ge­çen dört ýyl­dan bir gün uzyn bo­lar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, her dört ýyl­dan bir ge­zek few­ral aýy 29 gün bol­ýar. Ýag­ny bu ýyl 365 däl-de, 366 gün bol­ýar.
Adat­ça bir ast­ro­no­mik ýyl 365,242 gü­ne ba­ra­bar. Alym­lar otu­ryň so­ňun­da­ky bö­le­gi te­ge­le­mek üçin se­ne­na­ma dü­zen­le­rin­de her dört ýyl­dan bir ar­tyk gün goý­ma­gy ma­kul bi­lip­dir­ler. Bu ýag­daý bir gün­de ýa-da aý­da däl-de, uzak asyr­la­ryň do­wa­myn­da gel­nen ne­ti­je­dir. Ge­piň gys­ga­sy, bu ýyl 29-njy few­ral­da dün­ýä inen­ler dog­lan gün­le­ri­ni beý­le­ki adam­lar­dan has şow­hun­ly bel­le­se ge­rek. Her ni­çik­de bol­sa, olar dost­la­ry­ny we do­gan-ga­ryn­daş­la­ry­ny her ýyl­da dog­lan gün­le­ri­ne ça­gy­ryp bil­me­ýär­ler.
Olim­pi­ýa we pa­ra­lim­pi­ýa oýun­la­ry
Adat­ça 366 gün­de ta­mam­lan­ýan ýyl­lar sport şü­we­le­ňi­niň ge­çi­ril­ýän ýy­ly­na hem ga­bat gel­ýär. Şu ýyl Pa­riž­de To­mus­ky Olim­pi­ýa we pa­ra­lim­pi­ýa oýun­la­ry ge­çi­ri­ler. Bu sport çä­re­si­ne il­kin­ji ge­zek brek tan­sy (Break dans) hem gi­ri­zil­di. Şeý­le hem il­kin­ji ge­zek ze­nan we er­kek tür­gen­ler deň san bi­len we­kil­çi­lik edi­ler.
Tä­ze film­ler
Ýy­lyň do­wa­myn­da şu aşak­da­ky film­le­riň pro­ka­ta çyk­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar:
12-nji ýan­war – “Me­an Girls: The Mu­sical”
1-nji mart – “Du­ne: Part Two”
24-nji maý – “Fu­rio­sa: A Mad Max Sa­ga”
14-nji iýun – “In­si­de Out 2”
27-nji no­ýabr – “Wicked Part 1”

Do­ly Gün tu­tul­ma­gy
Gü­nüň ýa-da Aýyň tu­tul­ma­gy ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri adam­za­dyň ün­sü­ni çe­kip ge­lip­dir. Bu te­bi­gy ha­dy­sa dür­li ynanç-yg­ty­kat­la­ra-da täs­ri­ni ýe­ti­rip­dir. 8-nji ap­rel­de De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­da – Mek­si­ka­da, ABŞ-da we Ka­na­da­nyň kä­bir ýer­le­rin­de do­ly Gün tu­tul­ma­gy bo­lar.
Gün ýa-da Aý bö­lek­le­ýin ýa-da do­lu­ly­gy­na tu­tu­lyp bil­ýär. Şon­dan soň­ra Ame­ri­ka­da 2044-nji ýy­la çen­li do­ly Gün tu­tul­ma­sy bol­maz. Do­ly Gün tu­tul­ma­sy Aýyň Ýer bi­len Gü­nüň ara­sy­na gir­me­gi ne­ti­je­sin­de bol­ýar.

Aýa gaý­ta­dan do­lan­mak. Adam­za­dyň Aýa aýak ba­sa­ny­na ýa­rym asyr­dan gow­rak wagt geç­di. Teh­no­lo­gi­ýa­nyň ösen­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, 1970-nji ýyl­lar­dan bä­ri Ýe­riň hem­ra­sy­na gaý­ta­dan ba­ryl­ma­dy. ABŞ-nyň Ae­ro­kos­mos eda­ra­sy (NA­SA) “Ar­te­mis II” mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de Aýa uçu­şy gaý­ta­dan ýo­la goý­ma­gy göz öňün­de tut­ýar. Mu­nuň üçin uly ra­ke­ta taý­ýar­lan­ýar, beý­le­ki ýurt­lar bi­len hyz­mat­daş­lyk edil­ýär. Aýyň or­bi­ta­sy­na bar­jak dört eki­pa­žyň bi­ri ze­nan, bi­ri ga­ra­ýa­gyz. Bu mis­si­ýa Aý­da uzak wagt­ly ýa­şaý­şy ýo­la goý­mak üçin il­kin­ji ädim ha­sap­lan­ýar. Uçu­şyň no­ýabr­da ama­la aşy­ryl­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Mun­dan ozal “Apol­lo” mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de soň­ky ge­zek 1972-nji ýyl­da Aýa gi­di­lip­di.

Mik­ki hem­me­ler üçin el­ýe­ter­li
Ani­ma­si­on film­le­ri dö­ret­mek­de dün­ýä­niň meş­hur kom­pa­ni­ýa­sy ha­sap­lan­ýan “Dis­ney”-iň il­kin­ji dö­re­den mult­film gah­ry­man­la­ry bo­lan Mik­ki we Min­ni sy­çan­jyk­la­ryň aw­tor­lyk hu­ku­gy ýy­lyň ba­şyn­da ta­mam­lan­dy. Bu sy­çan­jyk­lar 1928-nji ýyl­da dö­re­di­len “Steam­bo­at Wil­lie” at­ly gys­ga göw­rüm­li ani­ma­si­ýa­da “baş keşp­le­ri” jan­lan­dy­ryp­dy­lar. Şon­dan bä­ri 95 ýyl geç­di. Şeý­le­lik­de, bu gah­ry­man­la­ryň il­ki­baş­da­ky nus­ga­sy ani­ma­si­on önüm­ler­de we dö­re­di­ji­lik iş­le­rin­de tö­leg­siz we rug­sat­syz ula­ny­lyp bil­ner. Aw­tor­lyk hu­ku­gy Mik­ki we Min­ni­niň di­ňe “Steam­bo­at Wil­lie” fil­min­dä­ki nus­ga­sy üçin ta­mam­lan­dy. Kom­pa­ni­ýa soň­ky dö­re­di­len nus­ga­la­ryň aw­tor­lyk hu­ku­gy­ny sak­lap gal­ýar.

“Facebook” 20 ýa­şa­ýar
Mark Zu­ker­ber­giň ýol­baş­çy­lyk ed­ýän, il­ki­baş­da “The­Facebook” ady bi­len dö­re­di­len kom­pa­ni­ýa­sy­nyň açy­la­ny­na few­ral­da 20 ýol dol­ýar. Kom­pa­ni­ýa­nyň ady 2021-nji ýy­lyň okt­ýab­ryn­da “Me­ta” diý­lip üýt­ge­di­len hem bol­sa, jem­gy­ýet­çi­lik to­ru­nyň ady üýt­ge­dil­me­di.

Tä­ze aý­dym­lar
Şu ýyl Jen­ni­fer Lo­pe­ziň 20 ýyl­dan gow­rak wagt­dan soň il­kin­ji al­bo­my bol­jak “This is Me … Now” (Bu men … Hä­zir) köp­çü­li­ge hö­dür­le­ner. Şeý­le hem “Green Day” to­pa­ry­nyň “Savior” al­bo­my bi­len bir ha­tar­da Aşer Raý­mond, Car­di B., Dua Li­pa ýa­ly meş­hur aý­dym­çy­la­ryň tä­ze al­bom­la­ry peý­da bo­lar.
Kon­sert tur­la­ry do­wam eder
Teý­lor Swift gel­jek ba­har we to­mus aý­la­ryn­da ge­çen ýyl baş­lan kon­sert tur­la­ry­ny do­wam et­di­rer. Meş­hur aý­dym­çy At­lan­tik um­ma­ny­nyň bä­ri­si­ne ge­çip, Azi­ýa­da we Ýew­ro­pa­da muş­dak­la­ry­nyň öňün­de çy­kyş eder. Güýz aý­la­ryn­da bol­sa, kon­sert­le­ri­ni De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­da do­wam et­di­rer. Bil­li Jo­el, Sti­wi Niks, Blink-182 we Brýus Springs­tin ýa­ly aý­dym­çy­la­ryň hem kon­sert­le­ri bo­lar.

Bel­li se­ne­ler
Ýo­kar­da “Facebook”-yň 20 ýa­şa­ýan­dy­gy­ny mä­lim edip­dik. Bu ýyl “Ama­zon” 30 ýa­şa­ýar. Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň iň gurp­ly kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da dur­ýan “Ama­zon” 1994-nji ýyl­da “Cadab­ra” ady bi­len ki­tap söw­da­sy­ny ýo­la go­ýup­dy. Şeý­le hem 2024-nji ýyl­da Gyş­ky olim­pi­ýa Oýun­la­ry­nyň dö­re­di­le­ni­ne bir asyr bol­ýar. Dün­ýä­niň iň köp ba­ryl­ýan des­ga­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Eý­fel di­ňi­niň açy­la­ny­na bol­sa, 135 ýyl dol­ýar.
In­do­ne­zi­ýa tä­ze paý­tag­ty­na gö­çer
Ýol dyk­ny­şy­gy, art­ýan ila­ty we daş­ky gur­şaw bi­len bag­ly me­se­le­ler se­bäp­li In­do­ne­zi­ýa bir­nä­çe ýyl­dan bä­ri paý­tag­ty­ny tä­ze şä­he­re gö­çür­me­giň ala­da­sy­ny ed­ýär. Ýawa adasynda ýerleşýän hä­zir­ki paý­tagt Ja­kar­ta­ny sil al­mak tö­wek­gel­çi­li­gi hem bar. Şeý­le bo­lan­soň, ýur­duň paý­tag­ty­ny Bor­neo ada­syn­da Nu­san­ta­ra ady bi­len gu­rul­ýan şä­he­re gö­çür­ýär­ler. Nu­sant­ra in­do­nez di­lin­de ar­hi­pe­lag, ýag­ny ada­lyk, bir­nä­çe ada diý­me­gi aň­lad­ýar. Tä­ze paý­tag­tyň gur­lu­şy­gy­na 2019-njy ýyl­da baş­lan­dy, em­ma pan­de­mi­ýa­nyň ýü­ze çyk­ma­gy bi­len kä­bir tas­la­ma­la­ryň gur­lu­şy­gy yza süý­şü­ril­di. Tä­ze şä­he­riň gur­lu­şy­gy ýe­ne-de bir­nä­çe ýyl do­wam eder. Şeý­le-de bol­sa, 2024-nji ýyl­da res­mi ýag­daý­da tä­ze şä­he­re gö­çül­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.