255 ýyl mundan öň adamzat taryhynda täze döwür başlandy. Ol bug energiýasynyň ulanylmagy bilen baglanyşykly bolup, senagatyň ösüşine sebäp boldy. 1769-njy ýylyň 5-nji ýanwarynda şotland oýlap tapyjysy, inžener Jeýms Watt bug hereketlendirijisi üçin patent aldy.