BRICS-iň 1-nji ýanwardan başlap, täze bäş sany ýurduň hasabyna giňemegi, olaryň satyn alyş kuwwatynyň deňligi boýunça jemi içerki önüminiň dünýäniň üçden bir içerki önüminden geçmegine we bardygy subut edilen nebit gorlarynyň birnäçe esse ýokarlanmagyna getirer.
Geçen ýylyň awgust aýynda Günorta Afrika Respublikasynda geçirilen BRICS-iň sammitinde Prezident Siril Ramafosa guramanyň Argentinany, Müsüri, Efiopiýany, Eýrany, Saud Arabystanyny we BAE-ni BRICS-iň doly agzasy bolmaga çagyrmak kararyna gelendigini aýtdy. Soňra Argentina birleşmäge gatnaşmakdan ýüz öwürdi. Täze ýurtlaryň bu gurama doly gatnaşmagy 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda başlady. Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň başlygynyň orunbasary Sergeý Rýabkowyň Ýohannesburgda geçirilen sammitden soň belleýşi ýaly, BRICS-e goşulmak isleýän döwletler birleşige gatnaşýan ýurtlara garşy gadaganlyk girizmeli däldir.
Maglumatlara görä, täze BRICS-iň global jemi içerki önümdäki satyn alyş kuwwatynyň deňligindäki paýy üçden birden geçip, 32%-den 36%-e çykar. Şeýle-de, satyn alyş kuwwatynyň deňligi boýunça jemi içerki önümiň umumy mukdary 52,318 trillion dollardan 58,919 trilliona çenli ýokarlanar.
Şol bir wagtyň özünde, dünýäniň iň köp ilatly ýurtlarynyň, Hytaýyň we Hindistanyň eýýäm BRICS-iň bir bölegidigine garamazdan, täze agzalaryň kabul edilmegi bilen birleşýän ýurtlaryň umumy ilaty 10% artar. Gatnaşyjy bäş täze ýurtdan ikisiniň ilaty 100 milliondan geçýär (Müsür we Efiopiýa). Şeýlelikde, 10 ýurduň umumy ilatyny, takmynan, 3,6 milliard adama ýetirer, bu bolsa dünýä ilatynyň ýarysyna golaýdyr.
Guramanyň agza ýurtlarynyň ygtyýaryndaky nebit gorlary has-da artar. BRICS ýurtlarynyň başdaky düzüminiň nebit ätiýaçlyklary, takmynan, 150 milliard barrele deň bolan bolsa, dünýäde iň uly nebit gorlaryna eýe bolan Saud Arabystanynyň ätiýaçlyklary 298 milliard barrele, Birleşen Arap Emiliňleriniňki bolsa, 98 milliard barrele barabardyr.