Amerikaly 13 ýaşly bir oglanjyk dünýäde ilkinji gezek “Tetris” oýnunyň ahyryna çenli ýetmegiň hötdesinden geldi. Dekabr aýynyň ahyrynda Oklahoma ştatyndan bolan Willis Gibson “ýykylan gurluşyk bloklaryny hatara düzmegi” öz içine alýan tapmaçanyň 157-nji derejesine çykmagy başardy. Munuň üçin oňa 38 minut gerek boldy. Ondan soň ulgam doňup, ýalňyşlyk berdi. Şol pursatda oglanjygyň reaksiýasy wideo ýazgy edildi.
Ozal beýle netijäni diňe emeli aň gazanyp bilýärdi. 40 ýyl ozal sowet inženeneri Alekseý Pažitnow tarapyndan döredilen oýnuň özi geçmesi juda kyn oýun hasap edilýärdi. 2010-njy ýyla çenli oýunçylar diňe 29-njy derejä ýetip bilýärdiler, ýöne şondan soň “gipertapping” ýaly täze usullar ulanylyp, has ýokary netije gazanmagy başardylar.
Willis Gibson 11 ýaşyndan bäri “Tetris” oýnaýar we ýaryşlara gatnaşýar. Indi beýleki oýunçylar onuň rekordyndan ozjak bolýarlar.