Premýer-ministr Şeýh Hasinanyň dolandyryjy partiýasy “Awami lig” ýurduň esasy kanun çykaryjy organyna geçirilen saýlawlardan soň parlamentdäki orunlaryň ýarysyndan gowragyne eýe bolýar. Muny Bangladeşiň saýlaw komissiýasynyň işgärleri tarapyndan ýurduň dürli sebitlerinde ýekşenbe güni agşam yglan edilen ilkinji ses berişligiň netijesi subut edýär.
Bangladeşde ýekşenbe güni parlament saýlawlary geçirilip, onuň barşynda 299 deputat saýlandy. Dalaşgärleriň biriniň aradan çykmagy sebäpli bir saýlaw okrugynda ses bermek yza süýşürildi.
Saýlawlara dolandyryjy “Awami lig” partiýasyndan 260-dan gowrak dalaşgär gatnaşdy. Ses berişlik 08:00-da başlandy we ýerli wagt bilen 16:00-da tutuş ýurt boýunça 42 müňden gowrak saýlaw uçastogynda tamamlandy.
Bangladeşde syýasy partiýalar parlamentde, azyndan, 151 orun gazanan halatynda hökümet gurup biler.
“Awami lig” partiýasy 2009-njy ýylda geçirilen saýlawda ynamly ýeňiş gazanyp häkimiýete gelipdi we 2014-nji we 2018-nji ýyllardaky saýlawlarda hem liderligini ýene bir gezek tassyklapdy.