Wezipe möhleti 2024-nji ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda tamamlanýan Ýewropa Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel, Ýewropa Parlamentine geçiriljek saýlawlara gatnaşjakdygyny we tomusda wezipesinden çekiljekdigini aýtdy. Bu barada daşary ýurt habar beriş serişdeleri mälim edýär.
Mişel Belgiýanyň öňdebaryjy habar beriş serişdelerine beren interwýusynda: – 2024-nji ýylyň iýunynda geçiriljek Ýewropa saýlawlaryna gatnaşmak barada karara geldim – diýip belledi.
Ol Ýewropa Geňeşiniň başlygynyň wezipesini Ýewropa Parlamentiniň agzasynyň işi bilen gabat getirip bolmajakdygyny, şonuň üçin saýlanan halatynda 16-njy iýulda, ýagny, Ýewropa parlamentiniň deputatlary kasam kabul etmezden ozal işinden çekiljekdigini aýtdy.