Mario Zagallonyň aradan çykmagyndan 2 gün soň dünýä futbolynyň başga bir ägirdi, ähli döwürleriň iň ökde goragçylarynyň biri hasaplanýan germaniýaly Frans Bekkenbauer hem ýagty jahan bilen hoşlaşdy. “Der Kaiser” – imperator lakamly futbolçy 78 ýaşyndady. Ol hem edil Zagallo ýaly hem futbolçy hökmünde, hem-de tälimçi hökmünde Dünýä Kubogyny gazanypdy.  1945-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Germaniýanyň Münih şäherinde dünýä inen Bekkenbauer “Bawariýa” toparynyň türgenleşik geçýän desgasyndan ilkinji ädimini ädende 14 ýaşynda bolup, ol bu klubda ilki 5 ýyllap, ýaşlar düzüminde oýnaýar. Soňra 13 ýyllap esasy düzümiň oýunçysy bolýar. “Bawariýada” 584 oýunda 75 gol geçirip, “Bundesligada” 4 çempionlyk gazanýar. “Bawariýa” topary UEFA-nyň 1-nji derejeli klub ýaryşynda yzly-yzyna 3 çempionlyk gazananda, Bekkenbaueriň goşundy uly bolýar. Ol münhenlileriň düzüminde Germaniýanyň Kubogyny 4, Ýewropanyň Kubokçylaryň Kubogy ýarynda hem-de şol wagtky Interkontinental Kubogy 1 gezek eýeleýär. 1977-1980-nji ýyllar aralygynda 4 möwsüm ABŞ-nyň “Nýu Ýork Kosmos” klubunda, soňra “Bundesliga” dolanyp, 2 möwsüm “Hamburg” toparynda çykyş edýär. 1983-nji ýylda täzeden “Nýu Ýork Kosmos” toparynda 1 möwsüm oýnanyndan soň 20 ýyllyk futbol karýerasyny tamamlaýar. Ol klub futbolynda 754 duşuşykda 98 goly derwezä girizýär.

Ol Germaniýanyň milli ýygyndysynda 103 oýunda 14 gezek tapawutlanýar. 1974-nji ýylda futbolçy hökmünde, 1990-njy ýylda-da tälimçi bolup, Dünýä Kubogyny asmana göterýär. Dünýä Kubogynda 1966-njy ýylda kümüş, 1970-nji ýylda bürünç medal gazanýar.

1972-nji ýylda Ýewropanyň çempiony bolan Bekkenbauer 1976-njy ýylda kümüş medaly eýeleýär.

Tälimçiliginde 1984-1990-njy ýyllarda Günbatar Germaniýanyň ýygyndysyna tälim beren Bekkenbauer 1990-njy ýylda Dünýä Kubogyny bu gezek tälimçi hökmünde ýokary galdyrýar. Gysga wagtlyk Fransiýanyň “Marsel” toparynyň sport direktory wezipesinden işlän Bekkenbauer  1993/94 möwsüminde-de “Bawariýany” “Bundesliganyň” çempionlygyny gazandyrýar. 1996-njy ýylda-da 3 aý töweregi “Bawariýa” tälim beren Bekkenbauer şol gysga wagtda topar bilen UEFA Kubogyny gazanýar.

1972-nji we 1976-njy ýyllarda Ballon d’Or baýragyny gazanan Bekkenbauer ençeme ýyllap “Bawariýa” toparyna ýolbaşçylyk edýär. Şahsy onlarça baýrakdyr ordenleriň eýesi bolan Bekkenbauer ähli döwürleriň simwolik ýygyndylarynyň iň esasy oýunçysy hasaplanýar. Meýdançadaky libero ornunyň esaslandyryjysy hökmünde görülýän Bekkenbaueriň ady hemişelik ýaşar.