Ýaponiýada ilkinji hasyly alnan gawunyň, garpyzyň ýa-da haýsydyr bir miwäniň auksion arkaly satylmak däbi bar. Auksiona hödürlenen harydy köplenç restoranlar satyn alýar. Şeýlelikde, restoran diňe iýmit satyn alman, öz mahabatyny hem edýär. Şol sebäpli, näçä durýan hem bolsa, satylan harydy almagyň aladasyny edýär. Tokýonyň iň uly balyk bazarynda ýylyň ilkinji auksiony geçirildi. Dürli deňiz önümleriniň satylýan bazarynda agramy 227 kilogram bolan gök ýüzgüçli tunes balygy 800 müň dollara satyldy. Äpet balygy “Yamayuki” we “Onodera Group” kompaniýalary satyn aldy. “Yamayuki” deňiz önümleriniň lomaý söwdasy bilen meşgullanýar. “Onodera Group” bolsa, suşi restoranlar “zynjyryna” eýeçilik edýär. Şeýlelikde, bu iki kompaniýa dört ýyl yzly-yzyna bazaryň iň gymmat balygyny satyn aldylar. Aomori şäheriniň golaýynda tutulan balyk mundan soňra Tokýonyň Gindza täjirçilik kwartalyndaky “Michelin” ýyldyzly suşi restoranyna äkidiler.
Balyk hernäçe gymmada satylan hem bolsa, bu rekord baha bolmady. Pandemiýanyň öň ýanynda, 2019-njy ýylda suşi restoranlaryna eýeçilik edýän Kiýoşi Kimura 613 kilogram balygy 333,6 million ýene (3,1 million dollar) satyn alypdy. Kimura auksion tamamlanandan soňra habarçylara balyga garaşanyndan 5 esse köp töländigini aýdypdy.