2023-nji ýylda Ýewropa terminallaryndan suwuklandyrylan tebigy gazyň (LNG) Ýewropa Bileleşiginiň gaz transport ulgamyna akymlary rekord derejä ýetdi we 131 milliard kub metrden geçdi. Bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 1,9% köpdür. Şeýlelik bilen, geçen ýyl Ýewropa ýurtlary tarapyndan suwuklandyrylan tebigy gazyň importy rekord derejede ýokary boldy.
Geçen ýylda suwuklandyrylan tebigy gaz Ýewropadaky gaz önümçiliginiň çeşmeleriniň paýy boýunça 40%-e eýe bolup, birinji orny eýeleýär. Bu barada Ýewropa gaz geçiriş ulgamynyň operatorlarynyň maglumatlarynda mälim edilýär. Ikinji orunda 29% bilen Demirgazyk deňzinden (esasan, Norwegiýadan) (29%), üçünji orunda 11% bilen Demirgazyk Afrikadan (11%) gaz iberilýär.
Gündogardan gaz üpjünçiliginiň paýy (Russiýanyň gazy, Ukrainadan gaz üpjünçiligi, şeýle hem gazy Ukrainanyň ýerasty gaz saklaýyş desgalaryndan alýan Ýewropa kompaniýalary) 9,7%-e çenli ýokarlandy. Beýik Britaniýadan ýangyç üpjünçiligi 5,8% boldy.