Şu gün Katarda futbol boýunça 18-nji Aziýa Kubogy, ertir Kot-d’Iwuarda 34-nji Afrika Milletler Kubogy ýaryşlaryna badalga berler. Her ýaryşa-da 24 ýygyndy gatnaşýar. Her ýaryşda-da 6 toparça bolup, 4 toparly her toparçada 1-2-nji ýeri eýelänler hem-de 3-nji orny alanlaryň iň gowy netije görkezen 4-si 1/8 finala çykar. Aziýa Kubogy Kataryň 5 şäherindäki 9, Afrika Milletler Kubogy bolsa Kot-d’Iwuaryň 5 şäherindäki 6 stadionda geçiriler.
Aslynda Hytaýda geçirilmeli 18-nji Aziýa Kubogy pandemiýa sebäpli Katara berildi. Geçen ýyl guralmaly çempionat dürli sebäplerdenem şu ýylyň ilkinji günlerine galypdy. Duşuşyklar Al Raýýan (“Ahmad bin Ali” – 45 032, “Education City” – 44 667, “Jassim bin Hamad” – 15 000, “Khalifa International” – 45 857) paýtagt Doha (“Abdullah bin Khalifa” – 10 000, “Al Thumama” – 44 400), Al Kor (“Al Bayt” – 68 895), Al Wakrah (“Al Janoub” – 44 325) hem-de Lusail (“Lusail” – 88 966) şäherlerindäki stadionlarda geçiriler.
Gatnaşýan 24 ýygyndy – Günorta Koreýa, Eýran 15-nji, Hytaý 13-nji, Katar, S. Arabystany, BAE 11-nji, Ýaponiýa, Yrak 10-njy, Özbegistan, Tailand 8-nji, Siriýa, Bahreýn 7-nji, Oman, Wýetnam, Hindistan, Iordaniýa, Indoneziýa, Awstraliýa 5-nji, Gonkong, Malaýziýa 4-nji, Liwan, Palestina 3-nji, Gyrgyzystan 2-nji hem-de Täjigistan 1-nji gezek wekilçilik edýär.
1/8 finalyň duşuşyklary 28-29-30-31-nji ýanwarda, çärýek final 2-3-nji fewralda, ýarym final 6-7-nji fewralda oýnalar. Çempiony kesgitleýän final duşuşygy 10-njy fewralda “Lusail” stadionynda geçiriler.
Afrika Milletler Kubogy Kot-d’Iwuarda 1984-nji ýyldan soň 2-nji gezek geçirilýär. Aslynda çempionat Kamerunda guralmalydy, ýöne dürli sebäplerden Kot-d’Iwuara berildi. Kot-d’Iwuarda-da tomusda geçirilmeli edilse-de, howanyň gyzgyn bolmagy sebäpli çempionat ýene-de ozalky wagtyna geçirildi. Çempionatyň duşuşyklary ýurduň ykdysady paýtagty Abidjandaky (“Alassane Ouattara” – 60 000, “Felix Houphouet Boigny” – 33 000), şeýle-de, Bwake (“Stade de la Paix” – 40 000), Korhogo (“Amadou Gon Coulibaly” – 20 000), San-Pedro (“Laurent Pokou” – 20 000) hem-de ýurduň syýasy paýtagty Ýamusukro (Charles Konan Banny” – 20 000) şäherlerindäki jemi 6 stadionda geçiriler.
Müsür 26-njy, ýer eýeleri Kot-d’Iwuar 25-nji, Gana, Tunis 24-nji, Kamerun 21-nji, Alžir, Nigeriýa, Kongo DR 20-nji, Marokko 19-njy, Zambiýa 18-nji, soňky çempion Senegal 17-nji, Gwineýa 14-nji, Burkino Faso, Mali 13-nji, Günorta Afrika 11-nji, Angola 9-njy, Mozambik 5-nji, Gwineýa-Bissau, Kabo Werde Ekwator Gwineýasy, Namibiýa 4-nji, Tanzaniýa, Mawritaniýa 3-nji hem-de Gambiýa 2-nji gezek gatnaşýar.
Toparçadaky duşuşyklar 13-24-nji ýanwar aralygynda, 1/8 finalyň duşuşyklary 27-28-29-30-njy ýanwarda, çärýek final 2-3-nji fewralda, ýarym final 7-nji fewralda geçiriler. Final oýny 11-nji fewralda Abidjandaky 60 müň orunlyk “Alassane Ouattara” stadionynda oýnalar.