2024-nji ýyl ýurdumyzyň taryhynda, umuman medeniýet ulgamynda iň bir üstünlikli ýyllaryň biri bolar. Sebäbi ýylyň dowamynda iki sany iri çäreler toplumy göz öňünde tutulýar. Ýylyň esasy wakalary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem-de Änew şäheriniň «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen baglanyşykly bolar.
Häzirki wagtda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek dabaralara we çärelere giňden taýýarlyk görülýär.
Ýylyň dowamynda geçiriljek medeni çäräniň çäklerinde konsert, türki halklaryň suratkeşleriniň, şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň hem-de fotosuratçylarynyň eserleriniň sergisi guralar. Gadymy Änew şäheri adamzat medeniýetiniň gülläp ösen merkezleriniň biridir. Bu şäher asyrlaryň dowamynda dünýä ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekip gelýär we gadymy döwürlerden bäri tutuş dünýäde bellidir.
Taryhy maglumatlarda ak bugdaýyň ilkinji Watanynyň Türkmenistandygy bellenilýär. Bäş müň ýyl mundan ozal Änewiň düzlüginde ýetişdirilen ak bugdaýyň tohumy tapylypdyr. Şonuň üçin ata Watanymyz – ak bugdaýyň Watanydyr. Ol hem Ahal welaýatynyň Änew şäheri bilen bellidir. Ýüz ýyldan gowrak mundan ozal Peterburg uniwersitetiniň professory, meşhur gündogary öwreniji W. Bartoldyň gözegçiliginde işlän amerikaly arheolog Rafael Pampelli gadymy Änew harabaçylygynda gazuw-agtaryş işlerini geçirende gadymy ak bugdaýyň galyndylaryny tapdy.
Häzirki wagtda bu ýerde «Ak bugdaý» muzeýi döredildi. Ol 2005-nji ýylda gurlup ulanmaga berildi. Änew medeniýetiniň ilkinji iki döwri eneolit zamanyna degişli bolup, ol takmynan b.e.ö. V-III müňýyllyklary öz içine alýar. Soňky iki döwür bolsa bürünç-demir asyryna degişli bolup, b.e.ö. II-I müňýyllyklar bilen senelenýär. Änew orta asyr şäheri bolup, ol Aşgabat şäherinden günorta-gündogarynda ýerleşýär. Ýadygärligiň köp gatlaklydygyna toplanylan arheologik maglumatlar şaýatlyk edýär. Änew galasynyň has irki gatlagy antik döwrüne degişlidir. Arheologiýa barlaglarynyň netijesinde anyklanylyşy ýaly, şäherde we onuň töwereginde joşgunly durmuşyň bolandygyny häsiýetlendirýän gurluşyklar az däl.
Änew topragyndaky taryhy ýadygärlikleriň biri hem gadymy Seýitjemaleddin metjididir. Seýitjemaleddin ady bilen belli bolan orta asyr metjidi barlagçylaryň ünsüni köp gezek özüne çekdi. Bu ýadygärlik dört desgadan – metjitden, onuň öňündäki kümmetiň üstündäki binadan hem-de beýik gümmezli iki sany jaýdan ybaratdyr. «Seýitjemaleddin metjidi» ady bilen belli bolan bu ymarat 17 otagdan ybarat bolup, onuň merkezinde üsti gümmezli, her tarapy 10,5 metre barabar bolan otag ýerleşipdir. Otagyň diwarlary üç bölege bölünipdir. Metjidiň demirgazyk tarapdan howlusyna çykylýan giň eýwan bolupdyr.
Merjen ORAZMUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.