Gezelenç etmek isleýän şäherimiz ýa-da ýurdumyz barada pikir edenimizde, şol ýerde ýaşaýan halkyň medeniýeti, däp-dessurlary, taryhy ýadygärlikleri bilen bir hatarda aşpezçilik sungaty hem ünsüňi özüne çekýär. Her bir halka mahsus aşpezçilik sungaty milli ýörelgelerdir usullar bilen baýlaşdyrylyp, şol sebitiň gastronomiýasyny emele getirýär. Gastronomiýa syýahatçylyk pudagynyň bir bölegi bolup, syýahatçylar gezelenç edýän ýerlerinde şol ýere mahsus tagamlary dadyp görýärler. Käbir tagamlary oýlanyp tapylan we nusgasy üýtgedilmedik ýerinde dadyp görmek jahankeşdelerde ýakymly ýatlamalary galdyrýar.
Syýahatyň dowamynda taryhy binalar, däp-dessurlar, umuman şäher bilen tanyşlykdan soň, belli restoranlarda ýa-da gymmat garbanyşhanalarda wagt geçirmek ýalňyş hasaplanýar. Şäher gastronomiýasy bilen tanyşlygy köçe tagamlaryndan başlamaly. Ýagny gezelenjiň dowamynda ýolugra satylýan tagamlary dadyp görmeli. Onuň taýýarlanyşyna üns bermeli. Syýahatçylyk pudagynda döwrebap iýmitleri däl-de, asyl nusgada taýýarlanýan ýerli tagamlary dadyp görmek göz öňünde tutulýar. Dynç alan şäherleriňizde dadyp gören tagamlaryňyzy öýüňizde maşgala agzalaryňyz ýa-da dostlaryňyz bilen bilelikde hem taýýarlap bilersiňiz.
Syýahatçylykda tagamlar bilen bagly şular göz öňünde tutulsa syýahatyňyz has gyzykly geçer:
Köçe tagamlary bilen naharlanmak.
Diňe şol sebite mahsus azyk önümleri we tagamlar bilen tanyşmak hem-de dadyp görmek. Mysal üçin, Braziliýa baryp kofe ekilen meýdanlarda gezelenç etmek, kofe önümçiligini synlamak we hakyky arabika kofesini dadyp görmek.
Ýerli ýaşaýjylar bilen azyk önümleri, tagamlaryň taýýarlanyşy barada pikir alyşmak.
Gastronomik şüweleňlere we festiwallara gatnaşmak. Mysal üçin, ajy burç iýmek, pizza iýmek ýaryşy.
Ýerli bazarlara aýlanmak.
Nahar bişirmek bilen bagly sapaklara gatnaşmak. Mysal üçin, Singapur, Tailand, Gonkong ýaly Aziýa ýurtlarynda «Michelin» ýyldyzyň eýeleri bolan köçe tagamlaryny taýýarlaýan ökde aşpezler bar. Ýerli aşhanalaryň taryhy bilen tanyşdyrýan sergilere gatnaşmak.