Açyk meýdanda Asmana galyp, şemala «tans edýän» owadan matalar çagalar üçin iň gyzykly güýmenjeleriň biri bolsa gerek.
Irki döwürlerde oýlanyp tapylan batbörek dünýäniň ähli künjegine ýaýrap, köpçülikleýin ýerine ýetirilýän güýmenjeleriň birine öwrülýär. Her ýylyň 14-nji ýanwarynda dünýäde Halkara batbörek gününiň bellenilip geçilmegi hem howada galgaýan pişme şekilli «uçara» bolan gyzyklanmanyň uludygyndan habar berýär.
Batbörek uçurmagyň taryhy
Ilkinji gezek batböregiň haçan, kim tarapyndan uçurylyp başlanandygy belli bolmasa-da, uçýan matalaryň Hytaýda oýlanyp tapylandygy çaklanylýar. Maglumatlara görä, hytaýly daýhanlar şlýapasyny şemalda saklamak üçin ony inçejik sim ýa-da ýüp bilen daňyp, biline berkidipdirler. Güýçli şemal öwsende şlýapalar 2-3 metr beýige galyp, howada uçupdyr. Bu ilkinji batbörek hasaplanýar. Beýleki maglumatlarda miladydan öňki 200-nji ýyllarda hytaýly esgerleriň galalaryň diwarlarynyň beýikligini batbörek arkaly ölçändikleri aýdylýar. Hindistanda mogollar döwründe bir aşyk ýigidiň söwer ýaryna habar ibermek üçin batbörek uçurandygy barada rowaýatlar hem bar. Halkara batbörek güni, esasan hem, Hindistanyň Gujarat ştatynda her ýyl uly dabara bilen bellenilýär. Millionlarça ýaşaýjy we müňlerçe syýahatçy batbörek şüweleňine gatnaşmak üçin Gujarat şäherine barýar. Hindi dilinde «uttaraýan» diýip atlandyrylýan batbörek festiwaly gyşyň gutaryp, ýazyň başlanan gününi aňladýar. Ýerli ynanja görä, hindiler şol gün ähli zat gyş ukusyndan oýanyp, hasyl möwsümi başlanýar diýip düşünýärler.
Ilkibaşda batbörek uçurmak köşkde ýa-da baý emeldarlar tarapyndan ýerine ýetirilýän sportuň bir görnüşi hasaplanypdyr. Soňra köpçülikleýin ýerine ýetirilip başlanan batbörek uçurmak pişesi baýramçylyk şüweleňine öwrülýär. Häzirki wagtda batbörek uçurmakda Ýaponiýa, Italiýa, Angliýa, Kanada, Braziliýa, Indoneziýa, Awstraliýa, ABŞ, Malaýziýa, Singapur, Fransiýa we Hytaý ýaly ýurtlar öňdäki orunlary eýeleýär.
Batbörek nädip ýasalýar?
Iki sany taýajygy atanaklaýyn, ýa goşmak (+) şekilde daňmaly, ýa-da çüýlemeli. Kagyzy ýa sintetik matany agaç çarçuwanyň üstünde ýerleşdirmeli. Ulanylan kagyzyň ýa-da matanyň ähli tarapyndan 2-3 santimetr goýup, daşyny tekizläp gyrkmaly. Kagyz bolsa ýelmäp, soňra skoçlamaly. Eger mata bolsa sapak bilen tikmeli. Soňra atanak agaçlaryň birleşýän ýerinden ýa-da iki gapdalyndan ýüp daňmaly. Owadan görünmegi hem-de bat almagy üçin oňa «guýruk» hökmünde lenta ýa-da ýüpjagaz hem dakyp bilersiňiz. Batböregiň ululygyny we eliňizde saklamak üçin ýüpüniň uzynlygyny uçurjak ýeriňize hem-de howa şertine görä özüňiz saýlamaly. Batböregi islege görä dürli şekilde – dörtburç, gönüburç, romb, tegelek, haýwanlaryň şekilinde ýasap bolýar. Batbörek taýýar bolandan soň ýüpüň ujundan tutup şemala tarap ylgamaly. Dostlaryňyzyň biri bolsa, batböregi ýokary galdyryp, bat alandan soň, asmana goýbermeli. Batbörek iki, üç adam bolup uçurylanda şowly bolýar. Batbörek ýeňil materiallardan ýasalanda ony uçurmak hem aňsat bolýar. Batbörek uçurylanda ýüp eliňizi gyrmaz ýaly ellik geýilse gowy bolar. Şeýle hem agaçly meýdanda, güýçli tupanda, ýyldyrym çakanda ýa-da tok simleri geçýän zolakda bu oýna güýmenmekden saklanmaly. Batböregi mümkin boldugyça tok geçirmeýän materillardan (plastmas, agaç, kagyz, ýüpek) ýasamaly. Isleseňiz bu oýnawajy satyn alyp hem bilersiňiz. Häzirki wagtda batbörekleriň köpüsi ýüpekden we kesilen inçejik bambukdan ýasalýar. Batbörek önümçiliginde Hytaý öňdäki orny eýeleýär.
Gyzykly maglumatlar
1989-njy ýylda ilkinji gezek Halkara batbörek festiwaly geçirilip, oňa dünýäniň dürli ýurdundan gelen meýletinçiler öz ýasan batbörekleri bilen gatnaşýarlar.
180 sagat howada galgan batbörek iň uzyn uçuş hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilýär. Iň ýokary uçurylan batbörek 3801 metr bilen hasaba alynýar. Iň agyr batbörekler Ýaponiýada ýasalyp, agramy 2 tonnadan geçýär.
Ilkinji batbörekleri ýasamak üçin bambuk çybyklary we palma ýapraklary ulanylypdyr.