Futbol boýunça Aziýa Kubogy ilkinji gezek 1956-njy ýylda Gonkongda geçirildi. Ondan soň ýaryş 1960-njy ýylda Günorta Koreýada, 1964-nji ýylda Ysraýylda, 1968-nji we 1976-njy ýyllarda Eýranda, 1972-nji ýylda Tailandda, 1980-nji ýylda Kuweýtde, 1984-nji ýylda Singapurda, 1988-nji we 2011-nji ýyllarda Katarda, 1992-nji ýylda Ýaponiýada, 1996-njy we 2019-njy ýyllarda BAE-de, 2000-nji ýylda Liwanda, 2004-nji ýylda Hytaýda, 2007-nji ýylda 4 ýurtda (Indoneziýa, Malaýziýa, Tailand, Wýetnam), 2015-nji ýylda-da Awstraliýada guraldy.

Şu wagta çenli Ýaponiýa 4 (1992, 2000, 2004, 2011), Saud Arabystany 3 (1984, 1988, 1996), Eýran 3 (1968, 1972, 1976), Günorta Koreýa 2 (1956, 1960), Ysraýyl (1964), Kuweýt (1980), Yrak (2007), Awstraliýa (2015) hem-de Katar (2019) 1 gezek çempion boldy.

Yklymyň öňdebaryjy ýygyndylarynyň gazanan çempionlyklarynyň üstünden köp wagt geçdi. Günorta Koreýanyň ýygyndysy irki ýyllarda gazanylan 2 çempionlykdan soň 4 gezek finala çyksa-da olara kubogy eýelemek başartmady. Edil şonuň ýaly Eýrandyr Saud Arabystanynyň hem çempionlyklarynyň üstünden az wagt geçmedi. Günorta Koreýanyň ýygyndysyna 64, Eýranyň ýygyndysyna 48, finalda 3 gezek asgyn gelen Saud Arabystanynyň ýygyndysyna-da 28 ýyldan bäri çempionlyk nesip edenok.