Her ýyl bolşy ýaly, 2024-nji ýylda-da kino muşdaklaryna biri-birinden özüne çekiji, gyzykly täsin wakalara baý ekran eserleri garaşýar. Ine, şolaryň käbirlerini siziň dykgatyňyza ýetirýäris.

“Miller’s Girl” – Jeýd Halli Bartletiň ssenarisini ýazyp, režissýorlyk eden kinosynda Martin Friman bilen Jenna Ortega baş keşpleri ýerine ýetirýär.

“Argylle” – meşhur režissýor Mattýuw Wonuň täze uruşly komediýasynda Henri Kawill, Bris Dallas Howard, Säm Rokwell, Braýan Kranston, Dua Lipa, Samuel L. Jekson ýaly meşhur artistler çykyş edýär.

“Madame Web” – “Marvel Studios”-yň “Columbia Pictures” bilen bilelikdäki önümi bolan film ýylyň garaşylýan iň esasy superhero kinolarynyň biridir. S.J. Klarksonyň režissýorlygyndaky filmde Dakota Jonson, Sidni Swini, Tahar Rahim, Izabela Mersed dagy dürli keşpleri janlandyrýar.

“Dune: Part Two” – ilkinjisi 2021-nji ýylda ekranlara çykan “Dýun” filminiň 2-njisine hem Deni Willnýow režissýorlyk edip, kinoda Timoti Şalame, Zendaýa, Rebekka Ferguson, Joş Brolin, Ostin Batler, Florens Pýu ýaly artistler surata düşýär.

“Ghostbusters: Frozen Empire” – meşhur filmiň dowam bolan uruşly komediýa kinosynda Pol Rudd, Bill Mýurreý, Makkenna Greýsi dagy dürli keşpleri ýerine ýetirýärler. Filme Gil Kenan režissýorlyk edýär.

“Godzilla x Kong: The New Empire” – mundan 3 ýyl ekranlara çykan “Godzilla vs. Kong” filminiň dowamy “Godzilla x Kong: The New Empire” diýlip atlandyrylýar. Adam Wingardyň surata düşüren filminiň kastinginde Rebekka Holl, Braýan Taýri Henri, Dan Stiwens dagy bar. Film mart aýynyň ahyrynda ekranlara çykar.

“Civil War” – soňky ýyllaryň şowly studiýalaryndan A24-iň täze filminde Körsten Danst, Wagner Moura, Kaili Spaeni, Jesse Plemons dagy surata düşüp, oňa Aleks Garland režissýorlyk edýär. Apreliň soňky günlerinde görkeziljek film ýylyň garaşylýan taslamalarynyň hatarynda görkezilýär.

“Challengers” – italiýaly režissýor Luka Guadaninonyň özboluşly filminde Zendaýa, Joş O’Konnor, Maýk Faist baş keşpleri janlandyrýar.

“The Fall Guy” – uruşly komediýanyň başga bir nusgasynda-da Raýan Gosling, Emili Blant, Winston Dýuk, Aaron Teýlor-Jonson ýaly artistler çykyş edip, oňa Dewid Leitç režissýorlyk edýär.

“Furiosa: A Mad Max Saga” – ussat režissýor Jorj Milleriň surata düşüren täze filminde Furiosanyň ýaşlyk ýyllary barada söhbet açylýar. Filmde Anýa Teýlor-Joý, Kris Hemswort, Tom Burke dagy esasy keşpleri ýerine ýetirýär.

“The Garfield Movie” – meşhur ýalta pişik Garfild barada bu gezek animasiýa ekranlara çykar. Mark Dindalyň surata düşüren multfilminde Kris Pratt, Samuel L. Jekson, Nikolas Holt dagy gahrymanlara ses berýär.

“Kingdom of the Planet of the Apes” – öňki bölümleri bilen köpleriň söýgüsini gazanan “Maýmynlar planetasynyň” täze filmine Wes Boll režissýorlyk edýär. Maý aýynda görkeziljek filmde Owen Teagi, Freýa Allan, Kewin Durand dagy gahrymanlara ses berip, ekran eserinde Sizardan 300 ýyl soň dünýä inen Noa maýmyny barada gürrüň berilýär.

“Ballerina” – “Jon Wik” filmleriniň spin-off kinosy bolan “Ballerina” atly ekran eserinde baş keşbi Ana de Armas, şol sanda Anjelika Hýuston, Keanu Riwes, Gabriel Birn dagy beýleki keşpleri ýerine ýetirýär. Filme Len Waýzman režissýorlyk edýär.

“Inside Out 2” – animasiýa önümçiliginiň öňbaşysy hasaplanýan “Pixar” ilkinji “Inside Out” multfilminden 9 ýyl soň onuň ikinjisini köpçülige hödürleýär. Kelsi Mannyň režissýorlyk eden animasiýasy iýun aýynda ekranlarpda peýda bolar. Animasiýanyň gahrymanlaryna Emi Pouler, Filis Smit, Toni Heýl, Maýa Hawke dagy ses berýär.

“Bad Boys 4” – oskarly aktýor Will Smit bilen Martin Lawrensiň uruşly komediýasynyň 4-nji bölüminiň ady resmi ýagdaýda belli däl. Adil El Arbi bilen Bilall Fallahyň bilelikde režissýorlyk edýän kinosynda Smit bilen Lawrensden başga-da, Wanessa Hadjens, Aleksander Ludwig beýleki keşpleri ýerine ýetirýär.

“A Quiet Place: Day One” – ilkinji 2 filmi bilen gorkuly kinolara özboluşly aýratynlyk gazandyran “Sessiz ýer” filminiň 3-nji bölüminde režissýor hem, artistler hem başga. Oskarly Lupita Nýong’o, Ýosef Kuinn, Aleks Wolff, Jimon Hunsu dagy filmde dürli keşpleri janlandyrýar.

“Horizon: An American Saga” – Kewin Kostneriň öz režissýorlygynda baş keşde surata düşen bu filminde Sienna Miller, Säm Wortington, Jena Maloun, Abbi Li, Luk Wilson ýaly artistler dürli keşplerde çykyş edýär. Western görnüşli film iýun aýynyň ahyrynda ekranlara çykar.