Indoneziýa Respublikasy Ykdysady hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasyna (OECD) girmek üçin ýüz tutdy we agza ýurtlar bu meselä seredip başlar. Bu barada guramanyň baş sekretary Matias Kormann “Nikkei Azia” neşiri bilen söhbetdeşlikde mälim etdi.
-Goşulmak meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin Indoneziýadan resmi haýyş alanymyz üçin örän hoşallygymyzy bildirýäris- diýip, dünýä ykdysadyýetinde möhüm rol oýnaýandygy sebäpli, Indoneziýanyň guramanyň işine uly goşant goşup biljekdigini aýtdy. Korman Indoneziýanyň arzasyna seredilişiniň gidişi barada jikme-jik maglumat bermedi.
Şu wagta çenli diňe iki Aziýa döwleti – Koreýa Respublikasy bilen Ýaponiýa OECD-niň agzalarydyr. Neşiriň bellemegine görä, Indoneziýa sebitdäki beýleki ykdysadyýetleriň ösmegine goşant goşjak bu gurama goşulan üçünji Aziýa döwleti bolup biler. Kormanyň aýtmagyna görä, Taýland OECD-e goşulmak mümkinçiligini işjeň ara alyp maslahatlaşýar we Wýetnam, Singapur we Filippinler ýaly Günorta-Gündogar Aziýanyň beýleki birnäçe ýurtlary bolsa, bu gurama bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär.
-Indoneziýanyň ykdysady we sosial syýasatyň möhüm ugurlarynda OECD-niň ülňülerine laýyk gelmäge tagallalary tutuş Günorta-Gündogar Aziýa sebitine gaty uly täsir eder diýip pikir edýärin – diýip, ol belledi.
OECD ösen ýurtlaryň halkara ykdysady guramasy bolup, onuň maksady ykdysady abadançylygy ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasaty işläp düzmekden ybarat. Gurama esasan ösen ýurtlardan ybarat bolan 38 döwleti öz içine alýar.
Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy – erkin bazar ykdysadyýeti ýörelgelerini ykrar edýän ösen ýurtlaryň halkara ykdysady guramasydyr. Marşal meýilnamasynyň çäginde Ýewropanyň ykdysady taslamalaryny utgaşdyrmak üçin 1948-nji ýylda Ýewropanyň ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň ady bilen döredildi. Guramanyň ştab-kwartirasy Parižde ýerleşýär. OECD-iň dolandyryş edarasy guramanyň agza ýurtlarynyň wekilleriniň geňeşidir. Ondaky ähli kararlar ylalaşyk esasynda kabul edilýär.