1919-njy ýy­lyň 16-njy ýan­wa­ryn­da iň­lis-ir­land sy­ýa­hat­çy­sy Er­nest Şekl­to­nyň ýol­baş­çy­lyk ed­ýän eks­pe­di­si­ýa­sy Gü­nor­ta mag­nit pol­ýu­sy­ny aç­dy­lar. Gü­nor­ta pol­ýu­sa on­dan ozal­ky ýyl­lar­da hem bir­nä­çe eks­pe­di­si­ýa­lar gu­ra­lyp­dy. Ola­ryň kä­bi­ri An­tark­ti­ka däl-de, onuň go­la­ýyn­da­ky ada­la­ra ba­ryp­dy­lar. Şekl­to­nyň açy­şy şol dö­wür­ler An­tark­ti­ka gu­ra­lan sy­ýa­hat­la­ryň iň ne­ti­je­li­le­ri­niň bi­ri bol­dy. Gü­nor­ta pol­ýu­sa baş­ga­ça gü­nor­ta 90-njy pa­ral­lel hem di­ýil­ýär. Bu pla­ne­ta­my­zyň iň gü­nor­ta çe­ti bo­lup, De­mir­ga­zyk pol­ýus bi­len ara­ly­gy is­len­dik ta­rap­dan öl­çe­nen­de-de, 20 müň 4 ki­lo­metr. Ýe­riň aý­lan­ma oky De­mir­ga­zyk we Gü­nor­ta pol­ýus­lar­dan geç­ýär.
1909-njy ýyl­da gü­nor­ta mag­nit pol­ýu­sy ta­py­lan hem bol­sa, bu no­kat hä­zir­ki wagt­da­ky gü­nor­ta mag­nit pol­ýu­sy däl. De­mir­ga­zyk we gü­nor­ta pol­ýus­lar Ýe­riň mag­nit meý­da­ny­nyň üýt­ge­me­gi se­bäp­li her ýyl üýt­gäp dur­ýar.