Hy­ta­ýyň Döw­let sta­tis­ti­ka do­lan­dy­ryş gul­lu­gy­nyň (NSA) ha­ba­ry­na gö­rä, ge­çen ýy­lyň ahy­ryn­da ýur­duň ila­ty 2022-nji ýy­lyň ahy­ry­na ga­ra­nyň­da, 2,08 mil­li­on adam aza­lyp­dyr. Hy­taý­yň ilaty Gon­kon­gy, Ma­kao­ny, Taý­wa­ny we da­şa­ry ýurt­lu­la­ry ha­sa­ba al­manda 1 milliard 409 million 67 müň ra­ýa­ty bar.
Ýy­lyň do­wa­myn­da 9,02 mil­li­on ça­ga dün­ýä in­di we 11,1 mil­li­on adam ara­dan çyk­dy. Her 1000 adam­da dog­luş we ölüm de­re­je­si, de­giş­li­lik­de, 6,39 we 7,87 bol­dy.
Ýurt­da her 100 ze­nan üçin 105 tö­we­re­gi er­kek bo­lup, ýur­duň er­kek ila­ty 720,32 mil­li­on, aýal ila­ty 689,35 mil­lio­na deň bo­lup­dyr.
2023-nji ýy­lyň ýan­war aýyn­da Hin­dis­tan ilat sa­ny babatda Hy­taý­dan öňe geç­di. Sta­tis­ti­ka gu­ra­ma­la­ry ýur­duň ila­ty­nyň bir mil­liard 417 mil­li­ondygyny, mu­nuň HHR-iň­ki­den bäş mil­li­on köp­dü­gi­ni çak­la­ýar­lar.