Ýylyň garaşylýan filmleri sanawynda iýuldan soňky ekranlara çykjak eserleriň käbirleri, esasyraklary şulardyr. Olaryň arasynda käbir animasiýalar, şol sanda super gahryman filmleri, kino sungatynda uly yz galdyran kinolaryň dowamy, şol sanda komediýalar bar.
«Despicable Me 4» – meşhur animasiýanyň 4-nji bölümine Kris Reno režissýorlyk edip, multfilmiň gahrymanlaryna ýene-de Stiw Karell, Kristen Wiig, Miranda Kosgreýw, Stiw Kugan ýaly artistler ses berer. Animasiýa 3-nji iýulda ekranlara çykar.
«Project Artemis» – «Columbia Pictures» bilen «Apple Studios»-yň bilelikdäki önümi bolan romantik komediýada Skarlett Ýohansson, Çanning Tatum, Wudi Harrelson ýaly artistler surata düşüp, oňa Greg Berlanti režissýorlyk edýär.
«Twisters» – ýylyň tebigy betbagtçylyk temaly filmine Li Aýzaak Çun režissýorlyk edip, iýul aýynyň ikinji ýarymynda prokatlara çykjak kinoda Deýzi Edgar-Jons, Glen Powell, Antoni Ramos, Saşa Leýn, Kirnan Şipka ýaly artistler dürli keşpleri janlandyrýar.
«Deadpool 3» – «Hollywood»-yň hyýaly super gahrymanlaryna özboluşly täzelik girizen Dedpulyň 3-nji başdan geçirmesi ýylyň iň köp garaşylýan kinolarynyň biridir. Şawn Lewiniň surata düşüren filmi 26-njy iýulda kinoteatrlara ýaýradylar. Filmde Raýan Reýnolds bilen Morena Baççarin daga Hýu Jekman, Jennifer Garner ýaly belli artistler hem ýoldaşlyk edýär.
«Borderlands» – ussat režissýor Eli Rotuň surata düşüren ylmy-fantastik, uruşly komediýasynda Keýt Blanşett, Jäk Bläk, Jeými Li Kurtis, Ariana Grinblatt dagy dürli keşpleri ýerine ýetirýär.
«Wolfs» – Jorj Kluni bilen Bred Pittiň bilelikdäki täze kinosyna Jon Watts režissýorlyk edip, triller görnüşli film sentýabr aýynda ekranlara çykar.
«Joker: Folie à Deux» – ilkinji filmi bilen hemmäniň uly söýgüsini gazanan Joker kinosynyň 2-nji bölüminde ýene-de özüne Oskar gazandyran baş keşbi Hoakin Finiks janlandyrýar. Todd Fillipsiň režissýorlyk edýän kinosynda Leýdi Gaga hem surata düşüp, ol Harli Kuinniň keşbini ýerine ýetirýär. Filmiň oktýabr aýynda ekranlara çykmagyna garaşylýar.
«Venom 3» – ýylyň garaşylýan kinolarynyň ýene biri-de «Wenom» filmleriniň 3-nji bölümi bolup, Tom Harid ýene-de baş keşpde surata düşýär. Kelli Marseliň režissýorlyk edýän kinosynda Juno Templ bilen Çiwetel Ežiofor hem keşp ýerine ýetirýär.
«The Amateur» – amerikaly ýazyjy Robert Littelliň eseri esasynda surata düşürilýän bu filme Jeýms Hawes režissýorlyk edýär. Filmde Rami Malek, Raçel Brosnahan, Laurens Fişburn, Julianne Nikolson ýaly tanymal artistler surata düşýär.
«Red One» – Amazon studiýasynyň täze önümi bolan bu ekran eserine Jeýk Kasdan režissýorlyk edýär. Filmiň kastinginde-de Dweýn Jonson, Kris Ewans, Kirnan Şipka, Lýusi Liu, J.K. Simmons ýaly tanymal artistler bar. Film noýabr aýynda kinoteatrlaryň ekranyny bezär.
«Gladiator 2» – birinji filminden tas çärýek asyra golaý soň ekranlara çykjak «Gladiator» kinosynyň 2-njisine Riddli Skott režissýorlyk edýär. Pol Meskal, Denzel Waşington, Konni Nilsen, Derek Jeýkobi, Pedro Paskal ýaly artistleriň surata düşen kinosynyň ekranlara çykaryljak wagty noýabr aýynyň 22-si diýlip görkezilýär.
«The Lord of the Rings: The War of the Rohirrim» – J.R.R. Tolkieniň meşhur eseriniň ilki filmleri, soňra serialy, indi bolsa animasiýasy ekranlaşdyrylýar. Ýaponiýaly animeçi Kenži Kamiýamanyň režissýorlygyndaky animasiýasynyň gahrymanlaryna Braýan Koks, Miranda Otto, Luk Paskualino ýaly artistler ses berýär. Film dekabr aýynda tomaşaçylaryň dykgatyna ýetiriler.
«Karate Kid» – Jeki Çan bilen Ralf Makkionyň bilelikde surata düşýän uruşly komediýasyna Jonatan Entwisl režissýorlyk edip, filmiň ýylyň ahyrlarynda ekranlara çykmagyna garaşylýar.
«Mufasa: The Lion King» – ýyly «Walt Disney Pictures»-iň önümi bolmazdan göz öňüne getirip bolmaz. «Şa ýolbars» animasiýasynyň dowamy hasaplanýan täze ekran eserine Berri Jenkins režissýorlyk edýär. Dekabr aýynyň ahyrlarynda prokata çykjak ekran eseriniň gahrymanlaryna Aaron Pierr, Kelwin Harrison Junior, Set Rojen, Jon Kai ýaly artistler ses berýär.
«Sonic the Hedgehog 3» – ilkinji 2 filmi bilen köpleriň söýgüsini gazanan ýarym animasiýa «Sonik atly kirpi» kinosynyň täze bölümi hem dekabr aýynyň sanawynda orun alar. Jeffe Fowleriň režissýorlygyndaky filmde Jeýms Marsden, Ben Şwarts, Idris Elba dagy surata düşüp, gahrymanlara ses berýärler. Ekran eseriniň 3-nji kinosynda Jim Kerriniň ýokdugyny ýatladalyň.
«Nosferatu» – kino sungatynyň özboluşly akymy bolan we irki ýyllarda uly yz galdyran «ekspressionizm» akymynyň iň belli nusgasy hasaplanýan «Nosferatu» filmi täzeden ekranlaşdyrylýar. Ýaş režissýor Robert Eggerse ynanylan bu gorkunç görnüşli kinoda Bill Skarsgard, Nikolas Holt, Lili-Rouz Depp, Aaron Teýlor-Jonson, Emma Korin, Willem Defo, Saýmon MakBörni ýaly tanymal artistler dürli keşpleri ýerine ýetirýär. Filmiň 25-nji dekabrda ekranlara çykmagyna garaşylýar.