“Po­puň şa­sy” ha­sap­lan­ýan Maýkl Jek­son ba­ra­da dü­şü­ril­jek film­de onuň ça­ga­lyk ýyl­la­ryn­da­ky keş­bi­ni ki­miň jan­lan­dyr­jak­dy­gy bel­li bol­dy. 2009-njy ýyl­da ara­dan çy­kan Jek­so­nyň ça­ga­ly­gy­ny 9 ýaş­ly Hu­lia­no Kru Wal­di jan­lan­dy­rar. 2025-nji ýy­lyň 18-nji ap­re­lin­de pro­ka­ta çyk­jak fil­miň te­ma­sy dün­ýä bel­li aý­dym­çy­nyň dur­mu­şy ba­ra­da bo­lar. Ki­no­ny “Tür­gen­le­şik gü­ni” (Trai­ning Day), “Saz­laý­jy” (The Equa­li­zer), “Mer­gen” (Shoo­ter) hem-de Şa Ar­tur” (King Art­hur) ýa­ly film­le­riň re­žiss­ýo­ry An­tuan Fu­kua dü­şü­rer. Wal­di “Micha­el” at­ly ek­ran ese­rin­de aý­dym­çy­nyň do­gan­la­ry bi­len “Jackson 5” ady bi­len meş­hur­lyk ga­za­nan dö­wür­le­ri­ni jan­lan­dy­rar.
Wal­di mu­nuň özi üçin gym­mat­ly pur­sat­dy­gy­ny, has ki­çi­li­gin­den bä­ri Maýkl Jek­so­nyň aý­dy­my­ny diň­läp, şo­ňa meň­zäp tans ed­ýän­di­gi­ni bel­le­ýär. Wal­di Jek­so­nyň­ka meň­zeş eşik­le­ri ge­ýip ýe­ri­ne ýe­tir­ýän tans­la­ry­ny jem­gy­ýet­çi­lik to­run­da­ky ak­kaun­dyn­da ýer­leş­dir­ýär. Onuň “Ins­tag­ram”-da 150 müň tö­we­re­gi yzar­laý­jy­sy bar.
Film­de meş­hur aý­dym­çy­nyň uly wag­tyn­da­ky keş­bi­ni bol­sa, 26 ýaş­ly ini­si Jaa­far ýe­ri­ne ýe­ti­rer. Jaa­far aý­dym­çy­nyň aga­sy Jer­me­ýin Jek­so­nyň og­ly.