Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasaty netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek, milli mirasy düýpli öwrenmek, aýawly saklamak we dünýäde wagyz etmek, taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak boýunça anyk çäreler durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzda medeniýeti we sungaty ösdürmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Her ýylda amala aşyrylýan özboluşly taslamalar ýaşlaryň döredijilik mümkinçiliklerini açmaga, olary halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak ruhy gymmatlyklary, baý aýdym-saz medeniýeti bilen tanyşdyrmaga ýardam edýär. Şeýle hem halkara derejesinde dürli çäreler geçirilip, ýurdumyzyň baý medeniýeti we milli gymmatlyklarymyz daşary ýurtlarda giňden wagyz edilýär. 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen baglanyşdyrylmagy ýurdumyzyň beýik akyldarynyň hormatyny has-da belende galdyrdy. Geçen ýylyň dowamynda Azerbaýjanda, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Özbegistanda, Ýaponiýada, Koreýa Respublikasynda, Gyrgyzystanda, Gruziýada, Türkiýede, Eýranda, Ermenistanda, Rumyniýada, Pakistanda, Hindistanda, Ukrainada, Germaniýada, Ispaniýada we Beýik Britaniýada Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ylmy maslahatlar, döredijilik hepdelikleri, duşuşyklar, kinofilmleriň, teatr oýunlarynyň görkezilişi, edebiýat agşamlarydyr bäsleşikler guraldy. Şunuň bilen bir hatarda, Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna goşuldy, onuň 300 ýyllygy bolsa 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň hataryna girizildi. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýyl «Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edildi.
2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny baýram etmegiň çäginde şu ýylyň maý aýynda medeniýet ministrleriniň derejesindäki halkara maslahaty, oktýabr aýynda bolsa Aşgabat şäherinde döwlet we hökümet Baştutanlarynyň derejesindäki sammiti geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu wakalar diňe bir türkmen halkynda däl, eýsem, belli Gündogary öwreniji alymlarda, dünýäniň nusgawy edebiýata uly sarpa goýýan halklarynyň ählisinde buýsanç döretdi. Sebäbi Magtymguly diňe bir türkmen edebi we medeni mirasyna däl, eýsem, umumadamzat gymmatlyklaryna hem taýsyz goşant goşan şahyrdyr. Magtymguly dünýä, ahlak, ynsan, gözellik, söýgi hakyndaky gyzyldan gymmatly garaýyşlary bilen türkmen edebiýatynyň, türkmen pelsepesiniň mazmun taýdan baýlaşmagynda aýratyn orna eýedir.
Türkmeniň toýy uludan tutjak bolanda, onuň geňeş-taýýarlygyna öňräginden başlaýşy ýaly, uly we ähmiýetli çärelere baý 2024-nji ýylyň aladalary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ahyrlaryndan doly bat aldy. TÜRKSOÝ-yň hemişelik geňeşiniň mejlisinde 2024-nji ýyl tutuş türki dünýäde «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edildi. Bu möhüm karar Türkmenistanda kabul edilen ýyllara at bermek däbiniň bütin dünýäde hem ykrar edilmegini, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen bagly dabaralaryň halkara derejä çykjakdygyny görkezýär.
Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna dahylly dabaralar bilen utgaşýan halkara medeni çäreleriň sanynyň artyp, geriminiň has-da giňejekdigini aňladýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly we neşir görnüşinde şahyra degişli ähli maglumatlary özünde jemleýän «Magtymguly Pyragy ensiklopediýasyny» hem-de has doly we kämil derejede «Magtymguly Pyragy diwanyny» taýýarlamak, şahyryň şygyrlaryny daşary ýurt dillerine terjime edip, onuň ömrüne we döredijiligine degişli ylmy işleri çap etmek, edebi mirasyny toplamak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şeýle-de, beýik söz ussadynyň watançylyk we millilik babatyndaky ýörelgelerini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen, dokumental hem-de çeper filmleri döretmek, teleradioýaýlymlarda gepleşikleri taýýarlamak işlerine aýratyn üns berilýär.
Şemşat KLIÇOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.