Perunyň daşary işler ministrliginde geçirilen dabarada ABŞ-dan, Germaniýadan, Belgiýadan, Kanadadan we Ispaniýadan 200-den gowrak medeni gymmatlyklaryň yzyna gaýtarylyp getirilmegine ýokary baha berildi. Ýygyndy kipu, inkleriň heýkelleri, çankaý medeniýetiniň dokma önümleri we küýzegärçilik önümleri ýaly ispanlar aralaşmazdan öňki döwre degişli zatlary zatlary öz içine alýar. Olaryň gaýtarylyp getirilmegi Daşary işler ministrliginiň, Medeniýet ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň we beýleki düzümleriň köpçülikleýin tagallalary netijesinde mümkin boldy.
-Pursatdan peýdalanyp, medeni gymmatlyklaryň bikanun söwdasy zerarly ýetirilen zyýany ykrar edýän we medeni mirasy yzyna gaýtarmak baradaky tagallalarymyza goldaw beren Germaniýa, Belgiýa, Kanada, Ispaniýa we Amerika wekilçilik edýän daşary ýurt raýatlaryna we guramalaryna hoşallygymy bildirmek isleýärin – diýip, Perunyň daşary işler ministriniň orunbasary Ignasio Igueras dabarada belledi.
Yzyna gaýtarylyp berlen ýygyndylara 198 arheologik eser girip, olaryň biri taryhy-çeper eksponat, üçüsi arhiw we resminamalaýyn eserden ybarat. 154 sany arheologik predmet dünýäniň dürli künjeginden bolan raýatlar tarapyndan meýletin gaýtarylyp berildi, bu bolsa, olaryň medeniýeti gorap saklamaga global derejede ygrarlydygyny görkezdi.
Galan 42 zat ABŞ-nyň Içeri howpsuzlyk ministrligi we Germaniýanyň polisiýasy tarapyndan geçirilen işleriň netijesinde tapyldy. Iki zat Los-Anjelesdäki Santa-Barbara tebigy taryhy muzeýi tarapyndan gaýtarylyp berildi. Şeýle hem ýygyndyda moçe, naska, lambaeka, ink we beýleki medeniýetleri görkezýän keramiki önümler bar.