Katarda dowam edýän 18-nji Aziýa Kubogynda garaşylmadyk netije hasaba alyndy. “D” toparçada günüň 1-nji duşuşygynda Yrak bilen Ýaponiýanyň ýygyndylary duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda Ýaponiýanyň ýygyndysy 2-1 hasabynda asgyn geldi. Yragyň ýygyndysy oýnuň 1-nji ýarymynda Aýmen Husseininiň 5-nji hem-de 45+4-nji minutlarda geçiren gollary bilen 2-0 öňe saýlandy. Hüjüm baryny geçiren ýaponlara bu gollara jogap bermek başartmady. 90+3-nji minutda Wataru Endonyň goly-da ýeňşe ýetmedi. Şunlukda, Yragyň ýygyndysy 2-1 hasabynda ýeňiş gazanyp, 1/8 finala çykmak ugrunda uly mümkinçilige eýe boldy.
1-nji duşuşygynda Wýetnamy 4-2 hasabynda ýeňen Ýaponiýanyň ýygyndysy 11 duşuşykdan soň ýeňlişe sezewar boldy. Olar soňky gezek geçen ýylyň 28-nji martynda Kolumbiýadan 2-1 asgyn gelipdiler. Ýaponiýanyň ýygyndysy şondan soňky 11 duşuşykda aglaba uly hasaplar bilen ýeňiş gazanyp gelýärdi. Olar şol 11 duşuşykda 49 gol geçirip, 8 gol geçirdipdiler.